DÜNÝÄ

Gresiýa Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatylarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) hanym Ýekaterini Ksagorari bilen duşuşdy.

Ilçi Ýekaterini Ksagorari ynanç hatylarynyň nusgalaryny türkmen tarapyna gowşurdy we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we Gresiýa Respublikasynyň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Halkara düzümleriň, hususan-da BMG-niň, ÝB-niň we beýlekileriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar konstruktiw köptaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmek üçin halkara meýdançalarynda iki ýurduň wekilleriniň arasynda duşuşyklary guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, diplomatlar Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen öňümizdäki 2025-nji ýylyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.

Duşuşykda bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Taraplar iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň, hususan-da halkara gatnaşyklary we diplomatiýa ugurly ýokary hünär bilimi edaralarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Duşuşygyň ahyryndaTürkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýekaterini Ksagorarä işinde üstünlik arzuw etdi we oňa türkmen-grek gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen diplomatik işinde türkmen tarapynyň zerur ýardamy bermäge taýýardygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

ABŞ 75 döwletiň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny wagtlaýyn togtadýar

Täze Amerikan wiza çäklendirmesi öňki käbir ýurtlardaky gadagançylygy aradan aýyrýarmy?

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary

Germaniýa bilen Hindistan 27 ylalaşyk baglaşdy

Kanadanyň Premýer-ministri 8 ýyldan soň ilkinji gezek Hytaýa barar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi