DÜNÝÄ

Grenlandiýanyň buzluklarynyň uly bölegi eredi

Grenlandiýa adasynda ähli döwürleriň iň köp buzluklarynyň eremegi hadysasy ýüze çykdy. Bu hadysa ylmy barlagçylary hem howsala saldy.

Grenlandiýanyň demirgazygynda emele gelen we birnäçe gün dowam eden adatdan daşary yssy howa buzluklaryň çalt eremegine getirdi.

Alymlaryň aýtmagyan görä, temperatura 10 dereje ýokary galdy. Adatça şu döwürde bu sebitiň howasy 15 derejede saklanýardy.

Ylmy barlagçylaryň maglumatyna görä, 15-17-nji iýul aralygynda Grenlandiýada erän buzluklaryň möçberi günlük 6 milliard tonna suwa barabar boldy.

– 30-40 ýylyň howa ýagdaýyna syn salanyňda, geçen hepde buzluklaryň uly möçberiniň eremeginiň kadasyz ýagdaýdyr – diýip, Kolorado uniwersitetiniň alymy Ted Skambos belläp geçdi.

Her ýyl tomus paslynda alymlar uly howsala galýarlar. Grenlandiýanyň buzluklaryň eremegi soňky döwürde ýygjamlaşdy. 2019-njy ýylda hem deňze 532 milliard tonna buz gaýtdy. Şol ýylda yssy howa sebäpli buzluklaryň eremegi global deňiz derejesiniň1,5 mm ýokary galmagyna sebäp boldy.

Grenlandiýa ― demirgazyk ýarym şaryň iň uly buzly sebiti, onuň  ilaty 50 müňe ýakyn. Grenlandiýa eýeleýän meýdany boýunça 2,1 million inedördül kilometre barabardyr. Ol Demirgazyk buzly ummanynyň iň uly adasydyr. Şeýle hem bu adany Atlantik ummany hem ýuwýar.

 

 

Türkmen türgenleri – Aziýanyň çempiony

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri