BIZNES

“Green Card” 2025: Resminamalary kabul edişlik başlaýar

“Green Card” 2025: boýunça resminamalary kabul edişlik 4 Oktýabr 2023 senesinde başlaýar.   Resminamalary tabşyrmak üçin diňe resmi sahypa bolan  şu salgydan  (https://dvprogram.state.gov/)      peýdalanyň!

Grin Kard boýunça resminamalar kabul edişlik 2023-nji ýylyň 7-nji noýabryna çenli dowam edýär. Ýeňijiler 2024-nji ýylyň 4-nji maýynda ýokaryda bellenen salgydan yglan ediler.  Bellemeli zat, Grin Karta resminama gatnaşmak mugt we hiç hilli töleg talap edilmeýär.

Şahsy, finans we beýleki maglumatlaryňyzyň howpsuzlygy üçin resminamalary hökmany suratda özüňiziň dolduryp tabşyrmagyňyzyz maslahat berilýär. Resminamalar tabşyrmak aňsat we tabşyrmak üçin Iňlis dilini suwara bilmek zerurlygy ýok. Biz Atavatan Tv You Tube kanalynda bular barada giňişleýin maglumaty Size ýetireris. Şonda biz Size esasan hem resminamany özüňiz tabşyrmak üçin bilmeli esasy maglumatlary belläp geçeris. Resminama tabşyrmak üçin  jemi 10-15 sany sorag bolar we olar siziň adyňyz, doglan ýylyňyz, maşgala ýagdaňyz ýaly her kimiň aňsatlyk bilen jogaplap biljek soraglarydyr.

Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýaýradan maglumatyny  täzeden ýatlatýarys!  Resminamalary tabşyrylandan soňra berlen onlaýn kody berk saklamak wajypdyr.

Möhüm maglumat: kezzapçylykdan we hilegärlikden ägä boluň!

Internet ulgamyndaky kezzapçylykdan we aldawa salýan sahypalardan, ýa-da elektron poçta arkaly gelýän nädogry maglumaty, resmi maglumat ýaly görkezip aldawa salýan internet sahypalardan seresap boluň we giňişleýin maglumat bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz. DW-2025 gatnaşmak üçin internet arkaly tabşyrylýan elektron soragnamany özüňiziň doldyrmagyny maslahat berýäris. Soragnamany doldyrmak aňsat hem tölegsizdir.

 

Resminamalary tabşyrmak üçin  şu salgyda görkezilen gözükdirijiden peýdalanyň! Grin Karda resminamalar tabşyrmak üçin görkezilen talaba laýyk fotosurat  gerekdir.

Gatnaşyjylar soragnamany diňe bir gezek tabşyryp bilerler, bir gezekden köp tabşyrylsa, gatnaşmak hukugyny ýitirýarler. Grin kart  barada giňişleýin maglumat  Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň web saýtyndaky şu linkde berilýän Türkmen dilindäki (isleýänler üçin Iňlis we rus dillerinde hem elýeterli) maglumaty okamagyňyyz maslahat berýäris.

 

Eýsem “Green Card” näme?

Mälim bolşy ýaly, her ýylda ABŞ-nyň “Green Card” (Grin Kard ) Lotereýa meýilnamasy, ABŞ-a immigrasiýa derejesi az bolan ýurtlarda doglan 55 000 adama, ABŞ-a hemişelik gitmek mümkinçiligini berýär. Şu lotereýada utujy saýlama kompýuter arkaly geçirilýär we utujylaryň sany dünýa boýunça alty geografik regionlara paýlanylýar.

Grin Karda her kimiň özüniň ýüztutmalydyny ýatlatmak isleýäris.  Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýaýradan maglumatyny  täzeden ýatlatýarys!  Resminamalary tabşyrylandan soňra berlen onlaýn kody berk saklamak wajypdyr.

Möhüm maglumat: kezzapçylykdan we hilegärlikden ägä boluň!

Internet ulgamyndaky kezzapçylykdan we aldawa salýan sahypalardan, ýa-da elektron poçta arkaly gelýän nädogry maglumaty, resmi maglumat ýaly görkezip aldawa salýan internet sahypalardan seresap boluň we giňişleýin maglumat bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz. DW-2025 gatnaşmak üçin internet arkaly tabşyrylýan elektron soragnamany özüňiziň doldyrmagyny maslahat berýäris. Soragnamany doldyrmak aňsat hem tölegsizdir.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň bilen Özbegistanyň Ikinji sebitara forumy geçiriler

Türkmenistanyň käbir etraplarynda döwrebap demirýol stansiýalary gurlar

Türkmenistanda geljek ýyl 40,1 milliard manat maýa goýum özleşdiriler

Azerbaýjan bilen Gyrgyzystan energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdi

Gyrgyzystan Türkmenistanyň ulag we port hyzmatlaryndan peýdalanmaga gyzyklanma bildirýär

Işewür dünýäsiniň iň täsirli 100 adamy