GÖZLEG
Senem gözläweri, söýeniňden soň,
Özgeler gözüme yssy bolarmy.
Sen maňa asman dek söýeneňden soň,
Zemin dek götärin gussalaryňy.
Golumda däl, gursagymda hazyna,
Uşaklaman, barym saňa bagyşdyr.
Seni gözläp ganat ýaýdym azyma,
Ötmäýin deňiňden, özüň tanyşdyr.
Daglar aşyp, sökdüm depe-düzleri,
Uçdum, ýüzdüm, ýol-ýoda kän ýörelen…
Asyl, söýgiň kör bolarmyş gözleri,
Kör elinde mynjyranan büre men.
MEŽNUN ETDI
Yşka düşdüm, mejbur etdi
Külli älem gül bikesi.
Leýlimiň sen, Mežnun etdi
Meni söýgiň külbikesi.
Lebleriňden serhoş bolsam,
Goşalanýan, sen hoş bolsaň.
Garramaryn sen ýaş bolsaň –
Eşidilse gülkiň sesi.
Ýaňlandyryp düwmeleri,
Özgerdeli dünýeleri.
Ondan soňky döwli ýeri –
Üç, dört eder, belki, bizi.
ÜÇÜNJI SÖZ
Bir sözüm az saňa, ikisi kändir,
Üçünjini weli aýdyp bilemok.
Gel gülüm, aşygyň ýekesirändir,
Bilmeseň halymy özge bilen ýok.
Günüň şöhlesinden, Aýyň nurundan,
Gabananym üçin gaty görme sen.
Diliňe döneýin bala ýugrulan,
Besdir, pyşyrdama, gaty gürle sen.
…I:şilip, çekeli bagtyň keşdesin,
Bolmanka gül açan ömrümiz öýlän.
Aýtmak isleýärin, gelýär eşdesim,
Bir saňa, bir senden: “Men, seni,…”.
“ÝALŇYZ SÖÝGIM DIRIMIŇ”
Meni söýýänligin bilip biriniň,
Okap, goşgularyn men hakda ýazan,
Öz-özüňe: “Ýalňyz söýgim, dirimiň…”
Diýip, ynamyňa siňdirme tozan.
Öňem men odun däl, gyşa netlenen,
Ony daşymdanam aňýansyň meger.
Besdir indi, mundan artyk geplemen,
Kül ýanmaz, ýylatmaz üşäýseň eger.
Oduny her kimem oňarar ýakyp,
Sen Küli ýakjak bol, ugruny tapyp.
TALYP SÖÝGÜSI
Işiňden sowaşma, bölmäýin ünsüň,
Jogap tapdym, jogapsyz jaňlaryma.
Diňe bir boşluklar bolmaýar ümsüm,
Haýpyň gelsin jananym, janlaryma.
Tarapdary däl men dawa, jenjeliň,
Ýöne, düşün birazajyk maňa-da.
Ütükden görýärin ýakan penjegim,
Aşyk, talyp… öňem ýetik alada.
…Penjek tapdyr az iýip, kän üýşürsem,
Ýöräbersem, garşy gitmän akyma.
Ýaşlyk edip uklapdyryn, düýşüm sen,
Düşün, ÝÜREK düşmez talyp hakyma!
GIDELIŇ BÄRI
Bedenim – kapasa, ýürek guş kibi,
Gideliň bäri.
Bilemok saýjagym ýürekdeş kimi,
Gideliň bäri.
Gursagymda gerekmejek goş-golam…
Gideliň bäri.
Döränok, döreýän öňki goşgulam,
Gideliň bäri.
Sen meniň gussammy ýa şatlygymmy…
Gideliň bäri.
Asyl-ha pikir et, ýaşapdyrynmy,
Gideliň bäri.
“NE AZAŞDYK, NE-DE DUŞDUK”
“Bir bilsediň, seni şeýle küýsänim…”,
Habaryňa menden jogap barmady.
Söýgiň Talhatandan galan küýzäniň,
Ykbaly deý bulut bolup parlady.
Sen diýdiň: “Ne azaşdyk, ne-de duşduk…”,
Bu bir söýgümiziň dartyş güýjüdir.
…Dokuzym ýuwutjak üç geldi, buşluk,
Gyzgyn söýgim üşän wagtyň süýjüdir.
Uzyn däl, gysga-da däldir dillerim,
Bar bolany, owurtlan bir owurdym.
Ýöne, sende ne gudrat bar dilberim,
Nädip, gyz halyňa,
şahyr dogurdyň?!
ADAMAM BIR HEÝ SÖÝGIDEN ÝANARMY
Söýgi näme, söýmek, söýüşmek näme,
Indiden soň düşme pikir jeňňelne.
Eger-de men seni söýmedik bolsam,
Söýgüniň ýoklugna ikirjiňlenme.
Ölmerin, ugruňda ölmedik bolsam,
Ýaşaryn yşgymyň simwoly bolup.
Bil, eger, kalbyňdan gitmeli bolsam,
Synmaly bolup:
Men söýgüden ýanandyryn öýtmegin,
Ýakdym. Ýanan söýgi, günäm öt meniň.
Süleýman HAÝDAROW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Şahyr Gülşirin Hanowanyň gysga syny :
Gaty gowy goşgular. Ata Watan ylhamynda ýaş şahyrlaryň joşgunyny okamak gaty buýsandyrýar…
Gülşirin HANOWA
Hormatly okyjy!
Eger goşgularyňyzy saýtymyzda neşir edilmegini isleýän bolsaňyz onda atawatanylhamy@gmail.com salgysyna öz fotosuradyňyz bilen iberip bilersiňiz. Goşgularyňyz Word formatynda, fotosuradyňyz bolsa JPEG formatynda iberilmelidir. Goşgy we fotosuradyňyzy garyşyklyk bolmazlygy üçin ikisini hem bir e-mailde ibermegiňizi haýyş edýäris. Adyňyz, familýaňyz e-mail bilen hökman görkezilmelidir. Eger isleseňiz özüňiz baradaky maglumatlary hem iberip bilersiňiz. “Ata Watan ylhamy” şygryýet sahypamyza gelýän goşgulary redaktirlemek Gülşirin Hanowa ynanyldy. Biz neşir edilen goşgularda Gülşirin Hanowanyň goşgular boýunça gysga synyny hem Size ýetireris. Hormatly okyjylarymyz Siz hem goşgular boýunça öz tankydy bellikleriňizi we synlaryňyzy goşgynyň aşagyndaky ýörite bölüme ýazyp bilersiňiz.