MEDENIÝET

Goşgular : Derwüş, Ýene, ýene, ýene Güýz we…

Derwüş

 Ýyllar geçdi gitdi, ýaşyň goýaldy

Ýok umydyň, näzik duýgular galdy

Seniň gözleriňden syrygan gözýaş

Ýöne möne däldi…

 

Ol syrly juda, hem derdiň seriňden aşypdy derwüş

Dünýäň o çetinde men seň sesiňe

Hem goja keşbiňe aşykdym derwüş…

Şol gün… hany dur- la…

Seneler  sandy…

Bagryň başy bilen badaşdy zikir

Könelerli däldi yşgyň,

Eý görmüş…

Ýöne, möne däldi…

 

Aýdardyň şonda

Gözel duýgulary garyp pyşyrda

Baky saklamaga duýgularmyzy:

“Öý orap bilmesem, gezsem daşarda”

Sen bolsa ýokduň…

“Sen bir ýerde”- diýip, maňa bir ýere ýönelerli däldi

Däldiň salgyly…

Ýöne möne däldi yşgymyň aýdymy

Deýin algyly

Baharda pytradyp sadabyn erik

Derwüş giden ýollar süllümbaýdylar

Wah… arman yzyňda Leýliler tukat,

Agaçlar ýüzlerin tutup galdylar…

Emma hiç duýgular täzelenmedi,

Olar hijem könelerl däldiler…

Ah olar şeýlebir meňzeşdi saňa,

Çünki olar ýöne- möne däldiler…

 

Gark bolan ördek deý, uzakda obaň

Kepbeleri bag astyna daldylar

Kepderileň ketekleri talanan

Gijeki itlerem namys astynda

Hut agy astynda doňup galdylar

Seň giden ýoluňdan erigni döküp,

Agaçlar nowçasyn zyňyşýardylar…

Daňa orun berip barýan şuglalar

Baglaň erňegini kümüşlärdiler…

Ah soň- soňlar seniň meni söýenňi,

Hem aglap gidenňi bilip galdylar…

Bugdaýlar ysgynsyz sarydy yşkdan

Bu ýakynda dänelärli däldiler

Aramyza ýyllar düşüpdi derwüş…

Hem duýgylar ýöne- möne däldiler…

 

Bilmedim ýa men, ýa agaçlar şonda,

Ýa sadyk ýodalar hakyt laldylar

Bir zady bilýärdim ýöne,

Her gezek:

Bakyşlarmyz ýöne- möne däldiler…

 

***************************************************************

Ýene, ýene, ýene GÜÝZ

 

Ýene güýz,

Ýene- de şol sary baglar.

Şol ýetim ýapraklar,baldagy gaýym…

Näme üçin olar ýere gaçýarka?

Adressiz itler deý,

Ýakyn Hudaýa…

 

Olara bu dünýe darmyka eýse?

Belki bardyr, eýesine hasaby…

… Güýz güni şeýlebir göwnüme laýyk:

Göýä onda…

Juwan giden kakamjan

Gaýdyp gelýän ýaly,

Eli hasaly…

 

Ejemiň mellekde güneşi peýläp,

Ýadyma getirýär: susgun oturşyn…

Sary ýapraklary alawda çeýnäp,

Kalbyma

Täzeden guýulýar gurşun…

 

Ýene- de goýalýar mürepbä meňzäp,

Atyzlaryň gapdalyndaky baglar…

Geçip bolmaýan deý datly

Hem göýä

Häzir bölünen deý gökde howalar…

 

Serçeleň içinde erkin has biri,

It sesinden ürkmeýän deý,

Haly- da

Käte –käte güýzüň ruhy şemalyň

Eli bilen

Ýapraklary göterip

Mündirjek bolýan deý

Sary tabyda…

 

Ejemiň oragnyň tutajy çüýräp,

Dur eken bir täsin altyn gapyda

He- heý ap- ak guwlar barýaňyz niräk

Nurly güne çümüp gidýär

Hakyda…

 

Şükür biri zyňaýmandyr zibile,

Ýatlama öwrülýär ruhum,

Bedenim…

Belki bu gün hasabyny soraýar

Öz jigime tabşyrman

Tiz gidenim…

 

Göýäki atlar hem ýalyn unudyp,

Sähra garşy öwüripdir ümzügün

Şeýlebir süňňümden owaz eşdilýär

Göýä saz guraly ýaly men

Bu Gün…

 

Heý doýma barmyka?

Barmyka gitme!

Ýar göýäki pasyl bilen klasdaş

Ýene güýz, güýz bolsa turuzýar pitne

Meň ruhumda

Ol ikimiz kybapdaş…

 

************************************************

Uly şäherlerde adam köp bolýar…

 

Uly şäherlerde adam köp bolýar,

Köp bolýar yşyklar,

Hökman däl duýgy…

Wagt käte dertleriňe dep bolýar,

Gülkünç görünýär bu ýerde söýgi.

Akyp barýan sile dur diýen ýaly,

Bir adamy saklap, salgy soramak.

Uly şäherlerde kir suwuň ýoly

Açyk ýaly…

Adaty zat: Hor bolmak…

 

Uly şäherlerde meseleler kän,

Wagt,

Ýer ýok sentimentalizime…

Adamlaň akymna barýan ýalysyň

Welin…

Käte ýöräp barýaň yzyňa…

 

Ýitirip orentir,ýoldaşlaryňy,

Özüň ýitip gitseň käte ir bilen…

Uly şäherlerde adam köp bolýar,

Göýä olar bir- birini irizen…

 

Bu ýerde mähelläň eli jübsünde,

Belki ýarag bardyr, kim biler onda…

Bir adam görmersiň tutup jigsiniň,

Mekdebe äkidip barýan

Elinden…

 

Bizar bolmak moda ýaly hamana,

Bir- birege seretmeýär adamlar.

Göýä bärde üýtgän ýaly zamana,

Göýä bärden ýiten ýaly,adalga…

 

Bolsa bolsun,menem barýan köçeden,

Esentanyş ýaly, ýylgyryp hemmä…

Belki- de diýýändir olar içinden:

“Işsiz gezip ýören , bir akmak, düňle”

 

“ Heý, nirä barýaňyz? Barmydyr aýbym,

Nansyz galan ejeňizi unudyp…”

Uly şäherlerde adam köp bolýar,

Gaçan ýaly bolýar…

Ähli umydyň…

 

Olar maňa ünsem berenok käte,

Käte biri, ýa ikisi geň bakýar.

“Wagty ýok adamzat” şeýlemi ýa- da…

Çalt geçip gitmekmi hyýaly hat- da…

 

Yzyna gaňrylyp kä daýym biri,

Belki- de hüňürdäp, belki düşünip.

Aýdaýasym gelýär: “ Heý men-ä däli,

Aslyňyza siz azajyk düşüniň…”

 

Aý bolýa- da dymdym,

Belki bularam gelende ýaňradyr,

Edil men ýaly…

Şu ýerde ýaşamak dert çökerýändir,

Olar hem bir mahal açyk dünýäli…

 

Ejeňi unutmak moda deý bärde…

Aýtmasam-a azar, aýtsam gep bolýar…

Pahyrlaryň özi bilýändirler-dä…

Uly şäherlerde adam köp bolýar…

 

Dowamy bar.

Oguljennet Bäşimowa

Ýene-de okaň

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi

“Gladiator 2” ilkinji hepdesinde rekord goýdy

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy