TEHNOLOGIÝA

“Google” kompaniýasy Hindistana aralaşýar

“Google” kompaniýasy Hindistanda hereket edýän “ShareChat” sosial media platformasyny satyn alar. “Economic Times” metbugatynyň habaryna görä, “Google” kompaniýa “ShareChat” sosial media platformasyny 1 milliard dollara satyn almagy meýilleşdirýär. Bu geleşikden sonra “ShareChat” sosial media platformasynyň paýnamalaryň az bölegini özünde galdyryp, hyzmatdaşlygyny dowam etdirmekçi.

“ShareChat” sosial media platformasy hakda…

“ShareChat” hindi sosial media platformasy “Mohalla Tech Pvt Ltd.” tarapyndan döredildi. Onuň esaslandyryjylary Ankuş Saçdewa, Bhanu Pratap Singh we Farid Ahsan bolup durýarlar. Bu sosial media platformasy 2015-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda ulanyşa girizildi. “ShareChat” media platformada 15 hindi dilinde 160 milliondan gowrak işjeň ulanyjylary bar. Kompaniýanyň programmasy, ulanyjylara wideolary, degişmeleri, aýdymlary mümkinçilik berip, şahsy habarlary, bellikleri we şahsy habar funksiýasyny öz içine alýan aýratynlyklary hödürleýär.

 

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi