“Google” (“Alphabet Inc.” holdingiň düzümine girýär) kompaniýasy Hindistanda “Pixel” kysymly telefonlaryň önümçiligine tazeden başlamagy meýilleşdirýär. Bu “Pixel” kysymly smartfonlaryň soňky 8-nji seriýasy bolar we ony 2024-nji ýylda bazara çykarmak göz öňünde tutulýar.
– Hindistan “Pixel” kysymly smartfonlar üçin esasy bazarlaryň biridir. Biz bu ýurduň sarp edijilerine iň gowy, programma üpjünçiligi ýokary bolan enjamlary hödürlemegi maksat edinýaris – diýip, kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Rik Osterloh habar berdi.
Mälim bolşy ýaly, elektron tehnologiýays bazarynyň öňdebaryjylaryndan “Apple” kompaniýasy hem önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen önümçilik kuwwatynyň bir bölegini Hindistana geçirmegi göz öňünde tutupdy.
2023-nji ýylyň başynda “Alphabet” holdingiň kapitallaşdyrmagy 56 göterim artyp, 1.77 trillion dollara deň bolupdy.