TEHNOLOGIÝA

Google garaňky şekile eýe bolar

Akylly telefonlarynda giňden peýdalanylýan gözleg programmasy hasaplanýan Google şu hepdäniň ahyrynda gijelerine garaňky usulda ulanmak hyzmaty giriziler. Bu hyzmat Android 10 we iOS 12, 13 ulgamy bilen işleýän telefonlary üçin niýetlenendir. Ýöne ulanyjylar şu hepdäniň ahyryna Google programmasyny täze görnüşini ýüklemeli bolar. Google kompaniýasy bu hyzmaty ulanyjylara ýetirmek üçin birnäçe wagtyny sarp etdi. Indi kompaniýanyň işgärleri Google Calendar we Google Fit programmalarynda garaňky usuly girizmegi maksat edinýärler. Google-iň garaňky usuly akylly telefonlaryň zarýadyny tygşytlamaga kömek eder. Bu usulda Google programmasy täze dizaýna eýe bolar.

 

 

Ýene-de okaň

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary

Gazagystan emeli aň ministrini belledi

Emeli aň üçin 100 milliardlyk şertnama

«Bir penjire» ulgamy: 120 müňe golaý resminama elektron görnüşde resmileşdirildi

Albaniýa dünýäde ilkinji bolup emeli aňy ministr edip belledi

Ata Watan Eserleri