MEDENIÝET

Golliwudyň iň köp gazanan aktýorlary

Golliwudyň iň köp hak tölenen aktýory Tom Kruz boldy. Ol “Top Gan: Mewerik” atly filmi üçin 100 million dollar aldy. “Variety” neşiriniň habaryna görä, bu görkeziji Uill Smitiň “Emansipasiýa” atly filmi üçin gazanan girdejisinden 3 esse köpdür.

Sanawda ikinji orunda durýan Uill Smit “Emansipasiýa” atly filmdäki keşbi üçin 35 million dollar gazandy. Şeýle hem Leonardo Di Kaprio we Bred Pitt 30 million dollardan, Dueýn Jonson bolsa 22,5 million dollar girdeji aldy.

Filmdäki keşbi üçin 20 million dollar gazanan aktýorlar: Uill Farrell, Kris Hemswort, Win Dizel, Tom Hardi, Hoakin Feniks, Raýan Reýnolds we Denzel Waşington boldy.

Sanawda keşbi üçin iň köp hak tölenen zenan aktrisalardan Margo Robbi 18-nji orny eýeläp, ol “Barbi” filmindäki keşbi üçin 12,5 million dollar aldy. Şeýle hem zenan aktrisalardan Milli Bobbi Braun “Enola Holms 2” atly filmindkäi keşbi üçin 10 million dollar aldy.

 

 

Hindistan täze Prezidentini saýlady

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy