JEMGYÝET

Gollandiýaly aýdymçy Ýewrowideniýe ― 2019-yň ýeňijisi

Gollandiýaly aýdymçy Dunkan Lourens «Arsade» atly aýdymy bilen dünýäniň iň abraýly aýdym-saz bäsleşikleriniň biri bolan «Ýewrowideniýäniň» 2019-njy ýyldaky ýeňijisi boldy. Ol bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda 492 utuk toplady.

Elbetde, sporta we iri medeni bäsleşiklerinde çaklamalar hem esasy orny eýelerýär. Ýörite hünärmenleriň ― bukmekerleriň 40 göterimi jemleýji bäsleşikden ozal gollandiýaly aýdymçynyň «Ýewrowideniýe ― 2019-yň» ýeňijisi boljakdygyny çakladylar. Şeýlelikde, soňky dört ýylyň içinde ilkinji gezek olaryň çaklamalary dogry bolup çykdy.

Bäsleşikde italiýaly Mahmud «Soldi» atly aýdymy bilen ikinji orny eýeledi. Ol bäsleşigiň dowamynda 465 utuk toplady. Russiýaly meşhur aýdymçy Sergeý Lazerew bolsa 369 utuk bilen üçünji orny eýeledi. Lazerew aýdym-bäsleşigine «Scream» atly täze eserini hödürledi. Ýeri gelende aýtsak, bäsleşigiň ýeňijisi bolmak üçin jemleýji bäsleşige 26 döwletiň wekilleri gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady