SPORT

“Golden Boy” baýragyny kim alar?

“Tuttosport” neşiri 2020-nji ýylyñ Ýewropanyñ iñ gowy ýaş oýunçysy adyna mynasyp boljak oýunçylaryñ sanawyny çykardy. Bu baýrak “Golden Boy” diýip atlandyrylýar. Baýraga mynasyp boljak oýunçynyñ ýaşy 21-den uly bolmaly däl, şeýle hem olar Ýewropanyñ öñdebaryjy çempionatlarynda çykyş etmelidir. Ýeñijini sport žurnalistleriniň we alyp baryjylarynyň berjek sesleri kesgitlär.

“Golden Boy” baýragyny gazanyp biljek ýaş oýunçylaryñ sanawy:

  • Alfonso Dewis (“Bawariýa”)
  • Ansu Fati (“Barselona”)
  • Felip Foden (“Mançester Siti”)
  • Erling Holand (“Borussiýa Dortmund”)
  • Raýan Sessenýon (“Tottenhem”)
  • Jeýdon Sanço (“Borussiýa Dortmund”)
  • Ferran Torres (“Walensiýa”)
  • Winisius Žunior (“Real Madrid”)
  • Kallum Hodson Odoi (“Çelsi”)
  • Rodrigo (“Real Madrid”)

Umuman bu ýaryşa 100 oýunçy gatnaşýar. 2019-njy ýylda “Golden Boy” baýragyna “Atletiko Madrid” toparynyñ ýarym goragçysy Žoau Feliş mynasyp bolupdy.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi