DÜNÝÄ

Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen iň gymmat doňdurma

Ýaponiýada taýýarlanan doňdurma bahasy boýunça dünýä rekordyny täzeledi, hatda ony taýýarlamak üçin 1,5 ýyldan gowrak wagt gerek bolupdyr.

Ginnesiň rekordlar kitaby dünýäniň iň gymmat doňdurmasyny mälim etdi. Ýaponiýanyň ” Cellato” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan doňdurmanyň bir bölegi 873 müň 400 ýene (takmynan 6700 dollar) deňdir.

Doňdurma ýapon dilinde ak rysar manysyny berýän Býakuýa ady berildi. Ol 130 milli litrlik aýna çüýşede hödürlenip, onuň tagamly bolmagy üçin Italiýanyň Alba şäherinde öndürilýän ak trýufel (şokolad konfetiniň bir görnüşi) ulanylypdyr. Bu trýufelliň bir kilogramynyň bahasy 15 müň 192 dollara deňdir.

Şeýle hem doňdurmanyň düzüminde “reggiano” peýniri hem-de ýaponlaryň ysy beriji sousy hem bar.

Ýapon firmasynyň wekili beren baýanatynda doňdurmanyň tagamy ýüze çykarmak üçin köp tagalla edilendigini, köp gezek synag edilendigini belledi. Şonuň üçin onuň häzirki tagamyny almak üçin 1,5 ýyl gerek bolupdyr.

Mundan ozalky iň gymmat doňdurmanyň bir bölegi 1000 dollardan satylypdy.

Ýene-de okaň

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

Iňlis dili okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine şahadatnamalary gowşuryldy

Türkmenbaşy we Baku Halkara deňiz portlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

TOPH taslamasy Hyratda: turbageçiriji üçin 91 kilometr taýýar edildi

Fransiýa çagalar üçin jemgyýetçilik torlaryny gadagan etjek ikinji ýurt bolar

2026-njy ýylda Gazagystana haýsy dünýä ýyldyzlary geler