DÜNÝÄ

Germaniýanyň Kansleri Merkezi Aziýa sapara gelýär

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols 15-16-njy sentýabrda bu ýurtda resmi saparda bolar.

Bu saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Samarkand şäherinde ýokary derejede gepleşikler geçiriler we özbek-german hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn esasda ara alnyp maslahatlaşylar.

Gepleşiklerde söwda-ykdysady, tehnologiýa we maýa goýum-maliýe hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlaryna serediler. Şeýle hem sebit hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşylar.

Saparyň çäklerinde Özbegistanyň Prezidenti we Germaniýanyň Federal Kansleri iki ýurduň işewür düzümleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki duşuşygy geçirerler.

Şeýle hem Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols Gazagystanda hm saparda bolup, bu ýerde “Germaniýa-Merkezi Aziýa” sammitine gatnaşar.

Ýene-de okaň

Indoneziýadaky suw joşgunlarynyň ýetiren zyýan $4 mlrddan geçip biler

Gazagystan bilen Ýewropa Bileleşigi wiza düzgünini ýeňilleşdirer

Wladimir Putin Hindistana döwlet sapary bilen bardy

Ýaponiýa-Merkezi Aziýa sammiti dekabrda Tokioda geçiriler

Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy