BILIM

Germaniýada magistratura we doktorantura mümkinçiligi

Berlin Parlamentiniň Okuw Gaznasy, Berlin uniwersitetinde okamak ýa-da Berlindäki barlag merkezlerinden peýdalanmak isleýän magistratura we doktorantura dalaşgärleri, şeýle-de ähli ugurlar boýunça ylmy işgärler üçin talyp haky hödürleýär. Bu barada Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Gyzyklanýan talyplary we alymlary arzalaryny tabşyrmaga tüýs ýürekden çagyrýarys!
Gazna 2025/26 okuw ýyly üçin 15 talyp haky berýär. Bu talyp hakynyň mukdary magistratura we doktorantura okuwçylary üçin aýda 1,100 ýewro, ylmy işgärler üçin bolsa aýda 1,630 ýewro möçberinde kesgitlenýär.
Arzalaryň kabul edilmegi 2024-nji ýylyň 15-nji dekabrynda tamamlanýar. Programmanyň başlanmagy 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda bolup, 2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda tamamlanar:

Ýene-de okaň

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanlylara Ýewropa ýurtlarynda magistr maksatnamasy üçin okamak mümkinçiligi

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär