JEMGYÝET

Germaniýada ilkinji elektroawtoban açyldy

7-nji maýda Germaniýanyň Gessen federal welaýatynda ilkinji elektrikli awtoban açyldy. Weýterştadt we Mýorfelden şäherleriniň arasyndaky A5 derejesindäki ýokary tizlikli ýoluň 14 kilometrlik böleginde dürli kompaniýalaryň elektrikli ýük ulaglary üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Bu aralykda hereket eýýäm güýçlenip başlady.

Bu ädim ýurtda dizel we benzin bilen işleýän ulaglaryň sanyny azaltmak boýunça amala aşyrylýan işleriň bir kysmydyr. Elektroawtobanda ýük ulaglary trolleýbuslar ýaly ýokardan berkidilen elektrik güýji bilen hereket edýärler.

Bu taslamanyň öňbaşçylary hökmünde Darmştadt tehnika uniwersiteti, “Siemens Mobility” we ENTEGA kompaniýalary çykyş edýär. Ilkinji tejribe üstünlikli bolsa, ýurduň beýleki awtobanlarynda hem elektrik ulgamynyň işini ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi