SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen mundan bäş ýyl ozal esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýan işler bolsa saglygy goraýyş ulgamynda adamlar baradaky ähli tagallalarda, ilkinji nobatda, ynsanperwer ýörelgelerden ugur alynýandygyny tassyklaýar.

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerinden, ýerli we daşary ýurtly lukmanlaryň, hususan-da german lukmanlary bilelikde gatnaşmagynda, näsag çagalarda operatiw hirurgik bejergiler üstünlikli geçirilýär.

Şu günlerde Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda we ýurdumyzyň Mary, Daşoguz, Lebap, Balkan welaýatlarynyň saglygy goraýyş edaralarynda dürli çylşyrymly neýrohirurgik, kardiohirurgik, trawmatologik, oftalmologik, hirurgik bejergiler ýerli lukmanlar tarapyndan amala aşyryldy. Operatiw bejergilerden soň çagalaryň ýagdaýy kanagatlanarly.

Ýurdumyzda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyna esaslanýan saglygy goraýyş boýunça halkara hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna» hem-de ony amala aşyrmak boýunça 2026 — 2030-njy ýyllarda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş boýunça halkara hyzmatdaşlyk täze derejelerde dowam edýär. Ynha, şu günler Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde, Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda, Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkezinde hem-de Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde daşary ýurtlaryň belli klinikalarynyň professor-lukmanlary iş saparynda bolup, tejribe alyşýarlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar