JEMGYÝET

Geografyň gutlagy

Hormatly “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň okyjylary we bäsleşige gatnaşýanlar! Siziň hemmäňize bäsleşikde uly üstünlikler ýar bolsun, galamyňyzyň ujy ýiti bolsun!

Goý, her bir ýurduň özüniň tutýan meýdany bolşy ýaly durmuşda özbaşdak ornuňyzyň bolmagyny, ata Watanymyzyň ynsanperwerlik syýasaty ýaly ynsanlara goldaw bermegiňizi, Gimalaý dagy dek belent başly, batly ädimli, Hazar deňzini derýalaryň doldurşy ýaly baran ýeriňizi bagt, rysgal bilen doldurmagyňyzy, howa bilen suwuň ynsana gerek bolşy ýaly durmuşda gerekli adam bolmagyňyzy, Niagara şaglawugy ýaly durmuşyňyzyň owadan, Antarktidanyň ýeke-täk derýasyz sebit bolşy ýaly söýgiňiziň ýeke, maşgalaňyza Tripoli şäheri ýaly gyzgyn (mähirli) ýürekli, Baýkal köli ýaly süýji sözli bolmagyňyzy, öňüňizde beslän arzuwlaryňyzyň asman giňişligi ýaly tükeniksiz, gaýgy-aladaňyzyň Watikan döwleti dek kiçi we şatlyk-şowhunlaryňyz Amyderýa ýaly joşup, Dreýk bogazy ýaly giň göwünli bolmagyňyzy, säherde açylan ak bägüller ýaly ýoluňyzyň elmydama açyk bolmagyny, adalar ýaly çagajyklaryňyzyň daş-töweregiňizi gurşap almagyny… arzuw edýärin!

Baýgeldi ÇARYÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen

döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň

meteorologiýa hünäriniň IV ýyl talyby.

 

Ýene-de okaň

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda ilkinji gezek Türkmenistan–ÝB işewürler forumy geçirildi