SIZDEN GELENLER

Geçmişden geljege üstünligiň hekaýalary

Birnäçe motiwasion kitaplaryň awtory, bank işgäri Timuçin Fyndygyň üstünligiň hekaýalary baradaky kitabynda meşhur adamlaryň üstünliklerinden, meşhur liderlerden maslahatlar, gadymdan gelýän öwüt beriji tymsallar, bagtly ynsanlaryň bagtyň syry baradaky garaýyşlary beýan edilýär. Kitap okyjyda adamlara we ýaşaýşa bolan pozitiw garaýşy, belli bir derejede optimistligi döredýär. Kitabyň ýazylyşynyň has gowy aýratynlygy bar, olam okamagy o diýen söýmeýänler, sahypalaryň üstünde uzak eglenip bilmeýänler üçin her hekaýanyň ahyrynda, mazmundan gelip çykýan ideýa 1-2 sözlem bilen berilýär, şol netijäni görüp, okamak isleýän temaňdan söz açýamy ýa dälmi kesgitlemek özüňe galýar. Kitabyň diliniň sadalygy, jümleleriniň ýönekeýligi üçin türk dilini aňrybaşy bilmeýänlere hem okamagyň örän ýeňil düşjekdigine ynanýarys. Biz bu kitapdan birnäçe bölegi Siziň üçin terjime ettik we www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň okyjylaryna ýetirýäris.  “Geçmişden geljege üstünligiň hekaýalary” atly kitaby  “Makul Hyzmat” terjime merkeziniň kitap tekjesinden alyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Innowasiýa, intellekt we psihologiýa – bilimiň artykmaçlary

Diller — halkara aragatnaşygyň guraly

Türkmenistan-BMG: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda hytaý dilini okatmak — halkara hyzmatdaşlygyň täze ugry

Daşary ýurt dillerini okatmak – zamanabap bilim ulgamynyň möhüm ugry

OGT forumy – nebitgaz pudagynyň hyzmatdaşlyk meýdançasy