DÜNÝÄ

GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisi geçirildi.

Bu çärä gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýokary derejeli wekiliýetleri geldiler. Mälim bolşy ýaly, GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisine GDA gatnaşyjy-döwletleriň hökümet baştutanlarynyň orunbasarlarynyň derejesindäki wekiliýetler gatnaşýarlar.

GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisi wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň dar düzümdäki duşuşygy bilen başlandy. Gepleşikleriň barşynda oňa gatnaşyjylar ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary basgançalarynyň gazanylmagyna gönükdirilen bilelikdäki işleriniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, ýakyn geljek üçin özarahereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler, şeýle hem ykdysady hem-de durmuş häsiýetli tekliplere we resminamalaryň taslamalaryna seredip geçdiler.

Soňra giňişleýin düzümdäki gepleşikler başlandy. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen Arkalaşygyň gatnaşyjy-döwletleriniň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamasynyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy duşuşygyň esasy aýratynlygyna öwrüldi. Şeýle resminamanyň kabul edilmegi döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we GDA formatyndaky netijeli gepleşikleriň ösdürilmegine itergi berer.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginine seredip geçdiler, GDA gatnaşyjy-döwletleriň ykdysady we durmuş syýasaty ulgamynda geňeşmeleri geçirmegiň netijeliligini belläp geçdiler, şeýle hem durmuş-ykdysady gatnaşyklary ulgamynda GDA-nyň döwletara we hökümetara edaralarynyň arasyndaky işleri utgaşdyrmagyň kämilleşdirilmegi dogrusynda pikir alyşdylar.

Şeýle hem GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýanynda hemişelik esasda hereket edýän Ykdysady meseleleri boýunça toparyň işiniň netijelerine seredilip geçildi. Mejlisiň barşynda 24 resminama gol çekildi.

Soňra GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedewiň GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisiniň jemleri boýunça metbugata ýüzlenmesi geçirildi. S.Lebedew bu mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesini hem-de gepleşikleriň üstünlikli geçirilendigini belläp geçdi. Şeýle-de «sowal-jogap» formatynda sessiýa geçirildi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Eýranyň Ýalda baýramçylygy bellendi

Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

“Financial Times” Donald Trump-y ýylyň şahsyýeti yglan etdi

Özbegistan 300 taslama üçin 43 milliard dollar gönükdirer

Eýranyň Prezidenti 11 ýyldan soňra Müsüre bardy

Putin: Tramp bilen duşuşmaga taýýar