DÜNÝÄ

GDA-nyň oba hojalyk bilermenleri Aşgabatda geler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň 16-njy sentýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisini, 19-20-nji sentýabrda “Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler” atly halkara ylmy maslahaty geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geňeşiň mejlisine we halkara ylmy maslahata, degişlilikde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasarynyň, Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň agzalarynyň, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy bilen meşgullanýan hem-de oba hojalyk pudagynyň beýleki ugurlarynda işleýän hünärmenleriň, ylmy işgärleriň, kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyna dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ähmiýetini belledi hem-de GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisini, «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde duran wezipeler» atly halkara ylmy maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk