JEMGYÝET

“Gazprom” türkmen gazyna gyzyklanýar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy, direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Milleri kabul etdi.

Myhman özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň iri energetika kompaniýasynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly işewür gatnaşyklary ösdürmegiň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň hem-de ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, türkmen-rus gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly we netijeli häsiýete eýedigini aýtdy. Munuň özi ýangyç-energetika toplumy ýaly möhüm ugurlardaky netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin oňyn şertleri döredýär. Bu bolsa dünýäniň energetika ýurtlary bolan hem-de nebitgaz serişdeleriniň baý gorlaryny özünde jemleýän iki döwlet üçin hem ähmiýetlidir.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy, direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary bar bolan köpýyllyk tejribeleri we oňyn mümkinçilikleri nazara almak bilen, işjeň hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň bu kompaniýasynyň türkmen gazyny satyn almagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hereket edýän hökümetara Ylalaşygy binýatlaýyn resminama bolup durýar. Şonuň esasynda taraplar degişli işleri alyp barýarlar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan we milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagyna, köpugurly esasda ösdürilmegine hem-de sebit we halkara ähmiýetli iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň, pudaklaýyn meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi özara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen baglylykda, dünýä bazarynda ýokary islege eýe bolýan bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini nazarlaýan gazhimiýa senagatynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem ylmy-tehniki ösüşiň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, nebitgaz toplumyny öňdebaryjy tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün etmek ýaly ugurlardaky gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhman Türkmenistanyň hem-de «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň uzakmöhletleýin esasda we anyk netijeleri nazarlaýan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine taýýardygyny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi