BIZNES

“Gazprom”: tebigy gaza bolan isleg artýar

Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller dünýäde tebigy gaz bolan islegiň ýakyn 25 ýylda 43 göterim artjakdygyny belledi.

– Dünýäde tebigy gazy ulanmak barada aýtsak, bilermenleriň umumy pikirine görä, tebigy gaz bolan isleg artmagy dowam edýär. 25 ýylda bu isleg 43 göterim artar. Iň esasysy, biz muňa týýar – diýip, Miller ýylyň jemlerine bagyşlanan duşuşykda belläp geçdi.

Milleriň bellemegine görä, “Gazprom” kompaniýasy ygtybarly energiýa üpjünçiligi babatda gyzyklanma bildirýän taraplar we ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Gündogar ugry boýunça işler alnyp barylýar, Ilkinji nobatda, Hytaý bilen gatnaşyklar ösdürilýär.

“Gazprom” üstümizdäki ýylda Hytaýa iberen tebigy gazynyň möçberini 22,5 milliard kubmetrden artdyrmagy göz öňünde tutýar.  Rus kompaniýays 2025-nji ýylda Hytaýa şertnamada göz öňünde tutulan ýyllyk 38 milliard kubmetrlik möçbere ýetmegi maksat edinýär.
Russiýanyň energetika ministri Nikolaý Şulginow beren beýanatynda, 2040-njy ýyla çenli dünýäde tebigy gaz bolan islegiň 600 milliard kubmetre deň boljakdygyny belläp geçipdi.

Ýene-de okaň

Türkiýä tebigy gazyň önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär

Hytaý kompaniýasy Hazarda ýel energetika taslamasy bilen gyzyklanýar

Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi

Astanada Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň ykdysadyýet we söwda ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistan bilen Russiýa ulag hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Gazagystan bilen Italiýa 180 million ýewrolyk şertnamalara gol çekdiler