BIZNES

“Gazprom” Özbegistan, Gazagystan we Gyrgyzystan bilen 15 ýyllyk şertnama baglaşar

Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy 2024-nji ýylyň ortalarynda Gyrgyzystan, Gazagystan we Özbegistan bilen orta möhletli 15 ýyllyk şertnama baglaşar. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Alekseý Miller habar berdi.

Rus kompaniýasynyň resmi saýtyndaky habara görä, “Gysga möhlet üçin ýene-de bir wezipe goýuldy. Ol hem 2025-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli has köp möçberde tebigy gaz iberip başlamaly” – diýip, Miller belledi. Onuň aýtmagyna görä, geljek ýylyň ortalarynda Peterburgda geçirilýän halkara ykdysady forumda degişli şertnamalar baglaşylar.

Milleriň bellemegine görä, bu şertnamalar esasynda 2025-nji ýylyň 1-nji noýabryndan Merkezi Aziýa döwletlerine tebigy gazy durnukly ibermek ýola goýlar. Şol ýyla çenli “Merkezi Aziýa-Merkez” gaz geçirijisi arkaly tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmak göz öňünde tutulýar.

26-njy dekabrda Rusisýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen GDA-nyň resmi däl sammitinde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tebigy gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy.

27-nji dekabrda Wladimir Putin “Gazprom” kompaniýanyň ýolbaşçysy Alekseý Miller bilen duşuşdy.

Mälim bolşy ýaly, 7-nji oktýabrda Russiýanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri Russiýanyň tebigy gazynyň Gazagystanyň çäginden Özbegistana “Merkezi Aziýa – Merkez” gaz geçirijisiniň üsti bilen üstaşyr geçirilmegine badalga berdi. Rus gazy Özbegistana Gazagystanyň üsti bilen iberilýär; ýangyjyň bir bölegi Gazagystanda galýar.

Ýene-de okaň

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer