BIZNES

Gazak-türkmen serhedinde onlaýn nobat hyzmaty işläp başlar

Gazagystanyň Türkmenistan bilen serhedinde ýük ulaglary bilen serhetden geçmegi çaltlaşdyrmak maksady bilen, elektron nobat ulgamy ornaşdyrylar. Bu barada Gazagystanyň Döwlet girdeji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Habar berlişi ýaly, elektron nobat «CarGoRuqsat» onlaýn bronlamak hyzmatynyň üsti bilen ýola goýlar. Hyzmat 22-nji fewraldan başlap, Gazagystanyň Türkmenistan bilen serhetindäki «Temir-Baba» barlag-goýberiş nokadynda işe giriziler diýlip, habarda aýdylýar.

Häzirki wagtda ulgamda, takmynan, 7,5 müň ulanyjy hasaba alyndy, olar 84 müň sany nobat bronlamak amallaryny ýerine ýetirdiler diýip, çeşme belleýär. Işläp düzüjileriň pikiriçe, hyzmat yzygiderli ösýär we kämilleşýär.

«CarGoRuqsat» hyzmaty Gazagystanda 2022-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri durmuşa geçirilýär. Hyzmat www.qoldau.kz sanly platformasynda işe girizildi we ondan peýdalanmak ulanyjylar üçin mugtdur.

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi