Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça bu ýurtda resmi saparda bolýar.
Gazagystanyň Prezidentiniň köşgünde ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi. Gazka Lideri, Fransiýa bilen gatnaşyklarynyň köp ugurlar boýunça täze derejelere çykarylandygyny belläp, Fransiýanyň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi.
Kasym Žomart Tokaýew geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberiniň 30 göterim artyp, 4 milliard dollara deň bolandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, üstümizdäki ýylda bu görkeziji 21 göterim ýokarlanyp, 2,7 milliard dollara deň boldy.
Gazak Lideriniň belleýşi ýaly, Fransiýa gazak ykdysadyýetine 18,7 milliard dollar maýa goýandygyny, hususan-da, dag-himiýa senagaty, maşyngurluşyk, gurluşyk harytlarynyň önümçiligi, aerokosmos, farmasewtika we beýleki pudaklarda maýa goýumlaryň özleşdirilendigini mälim edildi.
Fransiýanyň Prezidenti öz gezeginde oba hojalygy, energetika we gaýtadan dikeldilýän energetika pudaklarynda ykdysady hyzmatdaşlyga täze itergi beriljekdigini belledi.
– Biz durmuşa geçirilýän we täze başlangyçlara gönükdirilýän maýa goýumlary goldaýarys. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygymyz okgunly ösdürilýär. Ylym we bilim ulgamlarynda anyk ylalaşyklar gazanyldy. 2024-nji ýylyň sentýabrynda gazak-fransuz uniwersiteti öz işine başlar – diýip, Emmanuel Makron belledi.
