DÜNÝÄ

Gazak atşynasyna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň nyşany berildi

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejebow Gazagystanyň «Ahal-Teke» ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Dik Ýakowa «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň nyşanyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berdi.

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Almaty şäherindäki diplomatik wekilhanasy «Türkmen jemgyýetçilik we medeni merkezi» birleşiginde hormatly adyň Şahadatnamasyny we nyşanyny gowşurmak dabarasyny gurady. Habar berlişi ýaly, çärä ýerli türkmenler hem gatnaşdylar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, milli baýlygymyz we guwanjymyz bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde hem-de olaryň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şu ýylyň aprel aýynda Dik Ýakowa «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at berilipdi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri