DÜNÝÄ

Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine girişdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de ilçi Türkmenistan bilen Gazagystanyň medeni, taryhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanyp, hyzmatdaşlygyň berk binýadyny kemala getirendiklerini, onuň häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Energetika, ulag ulgamlaryny geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezmek bilen, hormatly Prezidentimiz we diplomat iki ýurduň tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlarynyň, geografik aýratynlyklarynyň bu ugurlarda özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi hem bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýandygyny aýtdy. Şeýle-de ýakynda Aşgabatda açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda meşhur gazak kompozitory we sazandasy Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeliniň oturdylandygy bellenildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri