JEMGYÝET

Gazagystanyň Prezidentiniň Saud Arabystanyna ilkinji sapary

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew özüniň Saud Arabystany Patyşalygyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrýar. Gazagystanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed ben Salam ben Andelaziz Al Saud tarapyndan garşylandy.

Taraplar ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Gazagystanyň Prezidenti Saud Arabystany esasy strategik hyzmatdaşy hökmünde kabul edýändigini belledi.

– Gazagystan-Saud Arabystany gatnaşyklary ýokary derejede. Şeýle-de bolsa, hyzmatdaşlyga täze itergi bermek isleýäris. Bu karar ýurtlarymyzyň umumy bähbitlerine laýyk gelýär. Özara peýdaly gatnaşyklarymyzyň geljekde has-da güýçlenjekdigine ynanýaryn – diýip, Gazagystanyň Prezidenti belledi.

Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed ben Salam ben Andelaziz Al Saud hem öz gezeginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara uly kanagatlanma bildirip, bu gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin Saud Arabystanynyň we Gazagystanyň işewürlerini bir ýere jemleýän Işewürler geňeşine uly orun degişlidigini belledi.

Saud şazadasy öz ýurdunyň iöewürleriniň Gazagystanyň agrar pudagyna maýa goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini beläp, munuň ählumumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmege giň mümkinçilik döretjekdigini belledi.

Kasym-Žomart Tokaýew Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasyny Gazagystana jogap döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy. Saud şazadasy bu çakylygy uly kanagalanma bilen kabul edip, kabul edilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi baradaky anyk meseleleri ara alyp maslahataşmak üçin Gazagystana sapara barmaga taýýardygyny belledi.

 

Sindzo Abe 27-nji sentýabrda jaýlanar

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 18 ýaşdan kiçi adamlar üçin pagtaçylyk gadaganlygy hukuk taydan has berkidilidi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti «Euronews» telekompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri:«Euronews» telekompaniýasyny hyzmatdaşlygy dowam etdireris

Ata Watan Eserleri

Aşgabadyň saglyk merkezleri “German Design Award 2025” baýragyna mynasyp boldy

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň wekiliýetini kabul etdi

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy