Gazagystan Respublikasynyň ilaty 20 milliona ýedi. Bu barada ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew özüniň “X” jemgyýetcilik tory arkaly habar berdi.
– Gazagystanyň ilatynyň sany 20 milliona ýetdi. Watandaşlarymyzy bu möhüm waka bilen gutlaýaryn. Bagtly maşgala – milletiň abadançylygynyň, ýurduň durnukly ösüşiniň binýadydyr. Döwletimiz maşgala gymmatlyklaryny berkitmek, eneleri we çagalary goramak ugrunda mundan beýläk-de iş alyp barar – diýip, Prezident belläp geçdi.
2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Gazagystanyň ilaty 20 milliona ýetdi. Ilat maglumatlarynyň görkezijilerine görä, 2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda irden sagat 08:10-da ýurduň dürli sebitlerinde birbada 5 bäbek dünýä indi we olar ýurduň 20 millionjy raýaty boldular.
