DÜNÝÄ

Gazagystanda Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammiti geçiriler

Ertir, ýagny 3-nji noýabrda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammiti geçiriler. Oňa gurama agza hem-de synçy döwletleriň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Guramanyň düzüminde synçy bolup duran Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban Gazagystana bardy we ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirdi.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň bu sammite gatnaşjakdygy mälim edildi.

Sammitiň gün tertibinde guramanyň çäginde, esasanam söwda, ykdysady, maýa goýumlary, ulag we aragatnaşyk, daşky gurşaw, medeni, ynsanperwer we beýleki ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri bar.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary halkara syýasatynyň we sebitara gatnaşyklaryň häzirki meseleleri barada pikir alyşarlar.

Sammitiň netijeleri boýunça birnäçe bilelikdäki resminamalary kabul etmek meýilleşdirilýär.

Türki Döwletleriň Guramasyna başlyklyk edýän Özbegistan Respublikasynyň gurnamagynda şu ýylyň dowamynda 100-den gowrak dürli derejedäki çäreler gurnalyp, olarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary maslahatlaşyldy.

Türki Döwletleriň Guramasy agza döwletler – Özbegistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkiýe. Wengriýa we Türkmenistan guramanyň synçy agzalarydyr.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisine taýýarlyk görýär

Türkmenistan wekiliýeti Parižde ÝUNESKO-nyň çärelerine gatnaşdy