BIZNES

Gazagystan we Hytaý 15 mlrd dollarlyk ylalaşyklara gol çekdi

Hytavda saparda bolan Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 8-nji gazak-hytaý işewürler geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Onuň jemleri boýunça Gazagystan bilen Hytaý 15 milliard dollarlyk täjirçilik ylalaşyklaryna gol çekdiler.

Bellenilişine görä, ýüzden gowrak gazak we hytaý kompaniýalary bu geňeşiň mejlisiniň netijeleri boýunça 70-den gowrak täjirçilik resminamasyna gol çekdiler.

Ylalaşyklara energiýa, sanlylaşdyrma, gurluşyk, metallurgiýa, telekommunikasiýa, ulag we logistika ýaly ugurlar girýär.

“Bu örän gowy görkezijidir. Munuň diňe artjakdygyna ynanýaryn. Gazagystanda dünýä derejesindäki CNPC, CITIC, SINOPEC, HUAWEI ýaly iri korporasiýalary hem öz içine alýan hytaý maýasy bilen 6 müňden gowrak kärhana üstünlikli işleýär. Diňe iri däl, orta telekeçilik hem giňden wekilçilik edýär” diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew geňeşiň mejlisinde çykyşynda belledi.

Tokaýew şeýle hem Hytaýyň eýýäm Gazagystanyň ykdysadyýetine 27 milliard dollar maýa goýandygyny nygtady.

Ol şeýle hem maliýe pudagynda gazak-hytaý işewür gatnaşyklaryny berkitmäge çagyrdy.

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi