BIZNES

Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen Owganystan däne önümlerini eksport eder

Gazagystanyň “Prodkorporasiýa” döwlet kompaniýasy ýurtda ýokary hasylyň alynmagy bilen eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ugurnda iş alyp barýar. Şonuň üçin gazak bugdaýyny Müsüre ibermek boýunça gepleşikler geçirildi, Owganystana ibermegiň möçberini artdyrmak, şeýle hem Eýrana mekgejöwen eksport etmek göz öňünde tutulýar Bu barada gazak metbugaty habar berýär.

Gazak döwlet kompaniýasynyň ýolbaşçysy Asylhan Juwaşew gazak däne önümleriniň eksport mümkinçiliginiň 12 million tonna deňdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, diplomatik ýollar bilen Eýranyň we Azerbaýjanyň döwlet kompaniýalaryna degişli eksport teklipleri iberildi. Eýýäm Eýrana arpanyň eksporty ýola goýuldy.

Şeýle hem Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen Owganystanyň günbatar bölegine däne önümleriniň eksport möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär. Oktýabr aýynyň ahynda Almaty şäherinde geçiriljek gazak-owgan forumynda bu ugurda ilkinji şertnamalaryň baglaşylmagy göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda däne önümleriniň eksport bahasy boýunça gepleşikler geçirilýär.

– Şu möwsümde Eýran tarapyndan gazak mekgejöwenine islegiň artmagyna garaşýarys. Hytaýyň özünde mekgejöwen hasyly ýokary derejededir. Şonuň üçin başga döwletlerden import etmegi göz öňünde tutmaýar. 2020-nji ýylda hasyl 260 million tonna, 2024-nji ýylda 292 million tonna barabar boldy – diýip, gazak döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysy habar berýär.

Ýene-de okaň

Russiýadan Gazagystana täze gaz geçirijisi gurlar

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasy tassyklanyldy

Türkmenistan bilen Italiýa Rim şäherinde işewürlik forumyny geçirer

Türkmen wekiliýeti Şarjada gurnalan atyr önümleriniň sergisine gatnaşdy

Türkmen-emirlik işewürler forumy: hyzmatdaşlygyň belent sepgitleri