DÜNÝÄ

Gazagystan Turgundy-Hyrat demirýol gurluşygyna maýa goýýar

Gazagystan Owganystanyň çäklerinde Turgundy-Hyrat demirýol ugrunyň gurluşygyna maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen bolan duşuşygynda belläp geçdi.

Gazagystanyň Hökümetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda söwda-ykdysady, ulag-logistika we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Olžas Bektenow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň başlangyjy bilen “Turgundy-Hyrat” demirýolunyň gurluşygyna maýa goýmaga taýýardyklaryny bellendi.

– Owganystan Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda köpri bolup durýar. Owganystanda demirýol infrastrukturanyň ösdürilmegi ähli sebitiň ösüşine mümkinçilik berer – diýip, Bektenow belledi.

Gazagystanyň Hökümeti bu taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşmaga taýýardygyny belläp, ýakyn wagtda taraplaryň arasynda degişli ähtnama gol çekiler.

Owgan tarapynyň habar bermegine görä, Gazagystan “Turgundy-Hyrat” demirýolunyň gurluşygyna 500 million dollar maýa goýum gönükdirjekdigi habar berildi.

Turgundy-Hyrat demirýol şahasy Turgundy-Hyrat-Kandagar-Spin-Buldak demriýol taslamasynyň bir bölegidir. Bu taslama Owganystanyň üsti bilen Pakistana we soňlugy bilen Hindistana çenli barmaga mümkinçilik berer.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň sentýabrynda Türkmenistan uzynlygy 22 kilometre barabar bolan Turgundy-Sanabar aralygynyň gurluşygyna girişipdi.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy