DÜNÝÄ

Gazagystan Owganystanda demirýol gurluşygyna goşular

Owgan tarapynyň çakylygy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleu Owganystanda iş saparynda boldy.

Saparyň dowamynda Owganystanyň Premýer-ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar, daşary işler ministriniň wezipesini ýerin ýetiriji Amir Han Mottaki bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyklarda Gazagystan bilen Owganystanyň arasynda söwda, ykdysady, üstaşyr we oba hojalygy, şeýle hem geologiki gözleg we sanlylaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alyp maslahatlaşdylar.

“Häzirki wagtda Owganystan söwda we ykdysady meýilnamalaryny işjeň ösdürýän möhüm hyzmatdaşlarymyzyň birine öwrüldi. Söwda dolanyşygyny 3 milliard ABŞ dollaryna ýetirmegi maksat edinýäris – degişli wezipe eýýäm iki tarap tarapyndan kesgitlenildi we goldanylýar. Şu maksat bilen Gazagystan oba hojalyk önümleri, ýangyç-çalgy ýaglary, mineral dökünler we himiýa senagaty önümleri bilen üpjünçiligini artdyrmaga taýýardyr” -diýip, gazak ministri belledi.

Saparyň çäklerinde Gazagystanyň Ulag ministrligi bilen Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň arasyndaky duşuşykdan soň Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýanyň arasynda demirýol gurluşygynyň esasy ýörelgeleri boýunça ähtnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy