DÜNÝÄ

Gazagystan Merkezi Aziýanyň Işewürler geňeşini döretmek teklibini goldaýar

Şu gün Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilýän duşuşyga Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýew ilkinji söz alyp, konsultatiw duşuşyklarynyň netijesinde Merkezi Aziýada sebitleýin hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykarylandygyny belledi.

– Özara söwdanyň möçberleri artýar, Medeniýet günleri geçirilýär, täze ulag geçelgeleri döredilýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilelikde mümkinçilikleriň sebitinde täze hyzmatdaşlyk görnüşini döredýäris – diýip, Gazak Lideri belledi.

Şeýle hem ol hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini saklap galmagyň möhümdigini belläp, 11 milliard dollara deň bolan söwdanyň möçberini 15 milliard dollara ýetirmegi teklip etdi.

Kasym Žomart-Tokaýew munuň üçin bilelikde iri infrastruktura we ulag taslamalaryny durmuşa geçirmek mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Gazagystanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Işewürler geňeşini döretmek teklibini goldaýandygyny beýan etdi.

Gazak Lideri Merkezi Aziýanyň ulag ulgamyny ösdürmegiň toplumlaýyn strategiýasyny kabul etmegiň hem möhümdigini belläp geçdi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada durup geçen Gazak Lideri Merkezi Aziýa sebitinde ýokary bilim boýunça ýeke-täk giňişligiň döreýändigini belledi. Ol häzirki wagtda Gazagystanda 9 müňe golaý sebit ýurtlaryndan talyplaryň bilim alýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri