DÜNÝÄ

Gazagystan bilen Täjigistan 1,2 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Şu ýylyň 21-22-nji awgusty aralygynda Gazagystanyň Prezidenti KAsym-Žomart Tokaýew Täjigistanda döwlet saparynda bolup, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Duşuşykda Gazagystan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna üns berildi.

Şol saparyň çäklerinde iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürler forumy geçirildi.

Forumyň çäklerinde umumy bahasy 1,2 milliard dollara barabar bolan 14 sany täjirçilik şertnamalaryna we ylalaşyklaryna gol çekildi.

Mundan başga-da, döwlet saparynyň barşynda iki ýurduň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Gazagystan bilen Täjigistanyň hökümet wekilleriniň arasynda 16 resminama gol çekildi.

Şeýle hem Kasym-Žomart Tokaýew we Emomali Rahmon elektron hökümet taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda gurnalan tanyşdrylyş çäresine, şeýle hem oba hojalyk önümleriniň hem-de milli tagamlaryň sergisine gatnaşdy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri