TESWIRLER

Gaýynatamyň ýatlamasy

Taryhda öz ata-watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy  bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar. Türkmeniň edermen serkerdeleri taryhda uly yz galdyryp, özüniň parasatlylygy, mertligi bilen tapawutlanypdyrlar. Megerem, bu   asylly häsiýetler bilen türkmen özüni dünýä tanadandyr.

“1941—1945-nji ýyllaryň urşunda, ildeşlerimiziň müňlerçesi deňi-taýy bolmadyk mertlik, gahrymançylyk görkezipdirler. Olaryň atlary türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýyllar geçýär, emma ýer ýüzünde asuda asmanyň we parahat durmuşyň hatyrasyna başyny goýan millionlarça gerçekleriň gahrymançylygy, edermenligi, batyrgaýlygy, gaýduwsyzlygy häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda hemişelik galar.

Ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly watançylygyň, mähriban topraga wepalylygyň hem-de mukaddes Watana gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir” diýip, agtyjaklaryny daşyna üýşürip oturan Nurmuhammet aga öz kakasy bilen baglanşykly uruş ýyllarynyň birnäçe pursatlary barada öz eşiden ýatlamalaryny biziň bilen paýlaşdy.

– Siziň garry ataňyz Hojamberdi Abdyrasulow hem 1941-1945 ýyllaryň  urşuna gatnaşyp, Watanyny, ene-topragyny goramakda edermenlerlik görkezen esgerleriň biri.

Ol 1921-nji ýylda, şol wagtky Saragt raýonynyň II-nji Garaman obasynda eneden dogulýar. Ýaşlykda kakasy aradan çykansoň, ýaňy 14 ýaşan ataňyz Hojamberdiniň başyna tutuş maşgalanyň agyr ýüki düşýär. Ol 4-nji synpy gutarandan soň, jigilerini,  ejesini eklemek üçin işläp başlamaly bolýar. Şeýlelikde, ol köp ýyllar kolhoz işlerinde, soňra Tahtabazar  çöllerinde çopançylyk edipdir.

Urşuň başlan ýyllary ol baş çopan eken. Garry ataňyz şol ýyllar bakýan mallaryna gije-gündiz diýmän, gowy seredip, mallaryndan alynýan ähli önümlerini fronta goşant bolsun diýip, yzygiderli ugradar eken. Muňa garamazdan, Hojamberdi ataňyzyň göwni rahat tapman, fronta gitmek isläpdir.

Ine, 1943-nji ýylyň aprelinde onuň bu arzuwy-da hasyl bolýar, ony goşun gullugyna  çagyrýarlar. Ilki Aşgabatda, gysga wagtlaýyn harby tälimleri öwredilip, soňra şol ýylyň iýun aýynda, bir eşelon türkmenistanly esgerler, şol sanda Hojamberdi ataňyz hem, uruş frontyna ugraýarlar. Kakamyň gürrüň bermegine görä, biri-birine tirkelen uzyn otly,  dürli-dürli milletlerden, emma bir maksada eýerýän esgerlerden hyryn-dykyn eken. Birnäçe gije-gündiziň dowamynda ýol ýörelenden soňra bu harby otly bir demir ýol duralgasynda saklanýar. Sebäbi otly döwülýär-

diýip gaýynatam ýuwdundy. Birdenem maňa ýüzlenip:

-Gelin, köp gürläp, agzym gurap gitdi. Dessine bir çäýnek çaý almasaň-a boljak däl. Gürrüňimiz-ä uzaýjak ýaly diydi.

Men salym etmän gaýynatamyň öňüne bir çäýnek çaý goýup, gürrüňiň dowamy bilen gyzyklanyp, sorag bermekçi bolan wagtym, uly agtygy Şamuhammet: – Ata, ata, aýtsana, onsoň, onsoň näme bolupdyr? Barjak ýerlerine  bardylarmyka?- diýip, meniň berjek soragymy agzymdan kakyp aldy.  Geň galmaly, men muny birjigem gaty görmedim, gaýtam tersine, ýaşlaryň öz garry atalarynyň görkezen gahrymançylyklary bilen içgin gyzyklanyp başlandyklary meni hem begendirdi, hem buýsandyrdy.

-Wah, howwala, ýöne ep-esli ýeri pyýada geçipdirler, oglum- diýip gaýynatam ýene gürrüňe başlady. Her günde 60-70 kilometr ýol ýöräp, 1943-nji ýylyň 5-nji awgustynda urşuň merkezine – Kursk, Orýol, Belgrad sebitlerine barypdyrlar. Şol ýerde-de duşmana garşy aýgytly hüjüme girişipdirler. Şonda garry ataňyz duşman okundan ilkinji gezek ýaralanyp, hassahana düşüpdir. Ol ýerde dürli milletlerden bolan köp esgerler bilen dostlaşypdyr. Emma öz türkmen ýigitlerine duşanda welin, janyna melhem tapan ýaly bolupdyr. Ol az wagtdan, ýarasy doly bitmänkä, göwni rahat tapman, esgerler bilen ýene Watan ugrundaky söweşe giripdir. Garry ataňyz , esasan hem Kiýew şäherini almak üçin Dnepr derýasynyň kenarynda bolan aýgytlaýjy söweşi köp ýatlaýardy. Soňra ol Polşa, Rumyniýa döwletlerini nemes basypalyjylaryndan azat etmek üçin söweşlere gatnaşyp, birnäçe gezek agyr ýaralanypdyr. Emma her gezek harby hassahanalaryndan sagalyp çykandan soň, ikirjiňlenmän, ýene-de fronta gidipdir.

Biler bolsaňyz agtyjaklarym, garry ataňyz boş wagtlarynda goşgy ýazmak bilen hem meşgullanypdyr. Ol söweşleriň arasynda, seýrek hem bolsa, dynç alynýan wagtlary oduň ýagtysyna oturyp, goşgy ýazar eken. Ol Kursk şäherinde  söweş  edip ýörkä, öz ene-topragyny küýsäp, ine şu goşgy setirlerini döredipdir. Okap bereýinmi? – diýip, gaýynatam elindäki ýandepderçesini açdy-da, owazly okamaga durdy:

Eý hatym, barar sen Türkmenistana,

Ol uly illerge  salam diýgeý sen.

Keşt edip çykar sen bagy-bossana,

Bag içre güllerge salam diýgeý sen.

Söýgüli Watanym, Türkmenistanym,

Çemenli, çar bagly gül-gülüstanym,

Ýaýrasyn ilime şirin dessanym,

Ol uzak ýollarga salam diýgeý sen.

 

Hojamberdi gadam goýdum ar üçin,

Kasam etdim halka ygtybar üçin.

Sesim, sözüm galsyn ýadygär üçin,

Daglarga, çöllerge salam diýgeý sen…

 

Howwa balalarym, garry ataňyz, duşmana garşy goreşde, ýaşlara ruhy taýdanda goldaw berip, olary watansöýüjilige, edermenlige, gaýduwsyzlyga çagyrypdyr.   1943-nji ýylda Orlowsk şäherinde ýazan goşgusynda şeýle setirler bar:

Mekir duşman pällerini bozdular,

Tozan turzup, gül Watana çozdular.

Sowuk tygy näzik tene dözdüler,

Göz görkeziň bagry daşa ýygitler!

 

Hojamberdi diýer gaýgyrmaň jany,

Biz goç ýigit bolsak halkyň gurbany,

Biz öleris, emma gorarys Watany,

Ýüz muşaggat ýagsa başa ýigitler!

 

Syçrap ýerimden galanymy özümem duýman galdym. Arada kagyz petekleri tertipläp ýörkäm, men garry gaýynatamyň golýazmasyny tapypdym ahbetin. Onda-da goşgy bardy. Men golýazmany getirip, gaýynatama uzatdym. Ol gözlerine ynanman:

-Men ony ýitirip ýördüm-ä. Sen meni begendirdiň, sag bol, gelin jan. Garry gaýynataňdan galan ýadygärlik ahyryn bular- diýip golýazmany täzeden gözden geçirmäge durdy.

Asyl, garry gaýynatam Gündogar Sowet-Ýapon urşuna hem gatnaşan eken. Soňra 1946-njy ýylda uruş tamamlanyp, ata-watanyna gaýdyp gelipdir. Bir topar orden-medallar bilen sylaglanan. Ol ömrüniň ahyryna çenli Sarahs etrabynda dürli hünärlerde işläpdir we  jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşypdyr. 1980-nji ýylda, nägahan urşuň ýürekde galdyran bitmejek ýaralary zerarly Mary şäheriniň uruş weteranlarynyň hassahanasynda ýeňilmedik esger hökmünde jan beripdir. Bu biziň türkmen esgerlerimiziň öz ata watanyny janyny gaýgyrman gorandyklarynyň ýene bir görelde alarlyk mysalydyr. Häli-häzirä çenli-de Sarahsa etrabyna baranynda, „Hojamberdi babamyzyň ogly“ diýlip tanalanda, gaýynatamyň başy göge direýär. Men hem şeýle edermen, gaýduwsyz maşgala gelin bolup düşenime buýsanýan.

Gaýynatam bir az dymandan soň, guşuň çagajyklary ýaly daşyna üýşüp oturan  agtyjaklaryna, öz neslini dowam etdirijilere mähirli gözüni aýlap, şeýle diydi: „Häzirki wagtda, balalarym, asuda asmanda, parahat, eşretli, bagtyýar döwürde ýaşaýarys. Size bolsa, çagalar bu bagtyýar döwrüň gadryny bilip, okuwyňyzda diňe oňat bahalar bilen okap, geljekde ýurdumyza, Watanyňyza wepaly ýaşlar bolup ýetişäýmek galýar.

Ýigitler, sizem häzirden söweş tälimlerini içgin öwreniberiň. Sebäbi, her bir türkmen ogly söweş sungatynyň tälimlerinden habarly bolmalydyr. Edepli-ekramly mylaýymzada gyz agtyjaklarym, sizem haýsy bolsa-da, bir hünäri ele alyp, Watanymyzyň ösüşine öz mynasyp goşandynyzy goşjak gelin-gyzlar bolup ýetişmelisiňiz. Munuň üçin bolsa, siz okamaly, arman-ýadaman zähmet çekmeli. Nesip etdiginden siz heriňiz bir hünäri ele alyp, biriňiz lukman, biriňiz mugallym, ýene biriňiz bolsa harby gullukçy bolup ýetişersiňiz, balalarym” diýip, sargyt baryny etdi.

Iň soňunda hem: „Goý adamzat nesline, şol sanda türkmen halkymyzyň başyna-da uly-uly ýitgileri getiren şol uruş belasy welin, indi hiç-haçan gaýtalanmasyn“- diýip  gaýynatam sözüni jemledi.

Ýene-de okaň

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady