JEMGYÝET

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralary

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabatlar diňlenildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiz Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryny dürli nyşanlar we ordenler bilen sylaglamak hakyndaky resminamalara gol çekjekdigini belledi.

Şoňa görä, 26-njy sentýabrda ýurdumyzyň sylaglanan raýatlaryna sylaglary gowşurylar. Şol gün agşam paýtagtymyz Aşgabat iri söwda merkeziniň açylyş dabarasy guralar.

27-nji sentýabrda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli harby ýöriş, agşam bolsa ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bolar.

28-nji sentýabrda ýurdumyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda harby gullukçylara döwlet sylaglary gowşurylar.

Yhlasly zähmet çekip, gowy netijeler gazanan welaýat we etrap häkimlerine bolsa sylaglary pagta ýygymyndan soňra gowuşyrylar.

Däp bolşy ýaly, 28-nji sentýabrda Halkara atçylyk sport toplumynda at çapyşygy geçiriler.

Harby-hukuk edaralaryň ýolbaşçylaryna baýramçylyk günlerinde tertip-düzgüniň berk berjäý edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylaryna gije-gündiziň dowamynda nobatçylygy guramak tabşyryldy.

 

25-nji sentýabrda Halk Maslahaty geçiriler

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrligine täze orunbasar bellendi

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarynyň Aşgabada ilkinji sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatoryny doglan güni bilen gutlady

Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomobil menzillerine Gün panelleri oturdylar

Türk ministri: türkmen gazy 1,5 million hojalygyň zerurlyklaryny üpjün eder

Oraza aýy-2025 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar