DÜNÝÄ

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan brifing-duşuşygy

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2021-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we 2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” mynasybetli wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň Baş sekretary Adem Kula, Türkmen-Türk işewürler geňeşiniň başlygy Halil Awjy, Türkiýäniň daşary ýurtly türkler we garyndaş jemgyýetler müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Sait Ýusuf, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň Ankaradaky Ilçihanalarynyň wekilleri,  Ankara krizis we syýasat gözlegleri merkeziniň (ANKASAM)  başlygy Prof. Dr. Mehmet Seýfettin Erol, Ankara Hajy Baýram Weli uniwersitetiniň doktory Emrah Ýylmaz, käbir türk kompaniýalaryň ýolbaşçylary, TRT-niň, “Anadolu agentliginiň”, “Diplomatik syn” we “Atawatan Türkmenistan” žurnallarynyň habarçylary hem-de Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.

Wideo aragatnaşyk brifinginiň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we 2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň bu döwürde gazanan syýasy, ykdysady, ylmy-medeni we beýleki birnäçe ugurlarda gazanylan üstünlikleri barada giňişleýin çykyş etdi.

Brifingde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň dowamynda dünýä parahatçylygynyň üpjün edilmeginde amala aşyran üstünlikleri, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň taryhy we ähmiýeti, onuň halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmakda orny, şeýle hem ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy hakynda gürrüň berildi.

Çärä onlaýn gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gyzgyn gutladylar hem-de Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylan uly özgertmeler we dürli ugurlarda gazanylan üstünlikler barada bellediler. Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähmiýeti we onuň mundan beýläk-de ösdürilmegi babatda nygtadylar.

 

 

“Türkmengazet” saýty bäsleÅŸik yglan edýär

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Malaýziýanyň milli habarlar agentligine baryp gördi

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady