JEMGYÝET

Garagumyň kenarynda Milli bahar baýramy

Türkmen halkymyz Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen dabaralandyrdy. Folklor-etnografiýa toparlarynyň çykyşlary, milli lybaslar, aýdymdyr tanslar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu gadymy baýramyň tebigatyň we durmuşyň galkynyşyny alamatlandyrýandygyny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Gutlagynda nygtaýşy ýaly, türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir.

Esasy wakalar Garagum derýasynyň kenarynda guraldy. Bu ýerde milli dessurlaryň we özboluşly ýörelgeleriň bitewi sazlaşygyny döreden ertekilerdäki şäheriň keşbi janlandyryldy.

Hatara düzülen ak öýler, haly düşelen sekiler, bereketli gazanlar, ruhubelent aýdym-sazlar we şatlyk-şowhun bu günki baýrama özboluşly dabara berýär. Nowruz baýramynyň hormatyna guralan toýda älemgoşar öwüşginli bezegleri bolan öýleriň ýanynda hoş owazly aýdymlar belentden ýaňlandy.

Baýramçylyk meýdançasynyň esasy girelgesinde myhmanlary — hormatly ýaşululary, dürli zähmetkeş toparlarynyň wekillerini, köp sanly aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny, ilki bilen, çagalar garşylap, Nowruz baýramyna bagyşlanan goşgyny ruhubelentlik bilen okadylar.

Nowruz diňe bir baharyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem, topragyň janlanýandygyny hem alamatlandyrýar. Bu sene adamlaryň arasynda ylalaşyklylygyň berkarar bolýandygyny äşgär edýär. 2010-njy ýyldan bäri Halkara Nowruz güni hökmünde bellenilýän bu baýram iň ähmiýetli we möhüm baýramlaryň biridir.

Bu ýerde milli ylma, ýurduň taryhyna bagyşlanan sahnalaşdyrylan çykyşlar guraldy. Şolarda teatrlaryň artistleri dünýäde filosofiýanyň, lukmançylygyň, matematikanyň, astronomiýanyň we beýleki ylymlaryň ösüşine mynasyp goşant goşan Gündogaryň görnükli alymlarynyň keşplerini janlandyrdylar. Döredijilik toparlarynyň, aýdymçylaryň we sazandalaryň belent ruha beslenen aýdymlary, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Çagalar hormatly myhmanlary şadyýan, belent owazly aýdymlary, labyzly goşgulary bilen garşyladylar.

 

Türkmenistan halky Halkara Nowruz baýramyny belleýär

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

Ýapon ilçisi: Türkmenistanda ýapon dilini öwrenýänleriň sany ep-esli artdy

Türkmenistanda daşary ýurt hukuk diplomlaryny ykrar etmegiň tertibi täzelendi

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi