SIZDEN GELENLER

Garagum sährasynyň ajaýyp ösümligi

Güneşli Diýarymyzyň ekologiýa abadançylygyny goramak, tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly garamak, howany arassa saklamak, baglary, gülleri, dürli ösümlikleri köpeltmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň meýdanyny köpeltmek, olary gorap saklamak maksady bilen, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda köp sanly işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde, täze tokaý zolaklary döredilip, seýilgähler, medeni-durmuş, dynç alyş maksatly  merkezler  yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär.

Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi Diýarymyzyň ajaýyp tebigatyny, milli aýratynlyklaryny goramaga, ony geljekki nesiller üçin aýawly saklamaga uly üns berilýär. Ýurdumyzyň umumy tutýan meýdanynyň agramly bölegini özünde jemleýän, ajaýyp gözellikleri, tebigy täsinlikleri bilen haýran galdyrýan Garagum sährasy halkymyzyň milli buýsanjydyr.

Sazak, gandym, sözen, borjak, çerkez ýaly agaçlaryň, yşgyn, ýowşan, selin, siňren, çeti ýaly gyrymsy ösümlikleriň, ýylak, güneýik, çyryş, düýedaban, gyzylgozalak ýaly otlaryň, gülleriň ençeme görnüşini özünde jemleýän Garagum sährasy ösümlik, haýwanat dünýäsine örän baýdyr.

Garagum sährasynda gögerýän ösümlikleriň biri-de sazakdyr. Sazak pürli agaç bolup, ol görnüşi boýunýa ak we gara sazaklara bölünýär. Ak sazagyň şahalary açyk we kiçi, gara sazagyňky bolsa ýogyn we uly bolýar. Sazagyň, esasan-da ak sazagyň tokaýlyklary sähranyň çägeli ýerlerinde köp duş gelýär. Sazagyň boýy 2 – 3 metrden 5 metre çenli, köküniň uzynlygy bolsa 9 metre çenli ýetýär. Sazagyň düýbüni çäge basanda goşmaça kök ulgamynyň döremegi, gapdallygyna 7,5 metre çenli uzamagy, onuň berdaşly bolmagynda, şeýle hem çägeleri berkitmekde, ýeliň ugruna göçmekden goramakda aýratyn ähmiýeti bardyr. Sazagyň, esasanam gara sazagyň ýerasty suwlara ýetýän güýçli kök ulgamynyň barlygy üçin, ol suwsuzlykdan ejir çekmeýär. Gara sazak Garagum sährasynda, esasan ýerasty suwlaryň ýakyn ýerleşen ýerlerinde, düzlüklerde ösýär.

Sazak ortaça 30 ýyl, kä halatda 50 ýyl ýaşaýar. Bu ösümlik tohumy arkaly köpelýär. Sazagyň fewral aýynyň aýaklaryndan başlap ösýändigini, mart, aprel aýlarynda gülleýändigini bellemeli. Noýabr aýynda onuň tohumy doly bişip ýetişýär.

Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsiniň esasy agajy bolan sazagyň gadymyýetden bäri halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bardyr. Çarwaçylyk bilen meşgullanan ata – babalarymyz ony odun hökmünde peýdalanypdyrlar. Sazagyň, esasan-da gara sazagyň Günden alýan ýylylygynyň toprakdan alýan zerur maddalary bilen sazlaşmagy netijesinde ýylylyk sygymynyň uly bomagy, onuň uzak wagtlap ýanmagyna, közüniň bolsa uzak wagtlap saklanmagyna ýardam edýär. Sazagyň oduna gaýnan çaýyň, bişirilen naharyň tagamy has tagamly bolýar.

Bu gün Garagum sährasyna döwletli döwran dolanyp, onuň bereketli goýnunda taryhy özgerişler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän düýpli maksatnamalar bereketli sähramyzy tanalmaz derejede özgerdýär.

Maýsagül Çaryýewa, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

 

Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahana ulanmaga berler

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty