BIZNES

“Garabogazkarbamid” zawody 1 milliondan gowrak dökün öndürildi

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherçesinde gurlup, 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizilen karbamid zawodynda geçen ýyl  1 million 32 müň tonnadan hem köp karbamid döküni taýýarlanylyp, bitirilen işiň pul hasabyndaky möçberi 806 million manada barabar boldy.

Bu görkeziji, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, himiýaçylaryň önümçiligiň pul hasabyndaky ösüş depginini 122,4 göterime çenli ýokarlandyryp, 147 million manatlykdan gowrak işi artyk özleşdirendiklerinden habar berýär. Taýýarlanylan önümiň 828 müň tonnadan gowragynyň daşarky bazarlara çykarylandygy bolsa has-da buýsandyryjy görkezijidir. Netijede, bu ugurda gazanylan ösüş depgini 120 göterimden hem geçirilipdir.

Himiýaçylar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna has-da ynamly gadam basdylar. Ýanwar aýynda bu ýerde 70 müň tonna karbamid taýýarlamak baradaky meýilnama 24 müň tonna artygy bilen berjaý edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder