TEHNOLOGIÝA

Galyndylardan ýasalan elektroulag

Niderlandlaryň Eindhowen şäherinde ýerleşýän tehniki uniwersitetiniň 22 talyby 18 aýyň içinde täze üýtgeşik elektroulag döretdiler. Deňizdäki plastmassadan we öý galyndylaryndan ýasalan bu ulaga talyplar “Luka” diýip atlandyrdylar. “Reuters” habar gullugynyň habar bermegine görä, sary reňkli iki orunlyk ulagda sport awtoulag oturgyçlary ýerleşdirilendir.

Bu elektroulag sagatda 90 kilometre ýetip bilýär we doly tok alan mahalynda 220 kilometre çenli aralygy geçip bilýär. Taslamanyň ýolbaşçysy Lisa van Etten: “Bu awtoulag hakykatdanam zibilden ýasaldy” diýip, “Reuters” habar gullugyna beýanat berdi.

Awtoulagyň kuzowasynda – telewizorlarda, oýunjaklarda ýa-da aşhana enjamlarynda ulanylýan gaty plastmassa ulanypdyrlar.

“Biz galyndylaryň peýdasyny görýäris, awtoulag kompaniýalary galyndy materiallaryny ulanyp başlar diýip umyt edýäris” –diýip, önümçilik toparynyň agzasy Matteýs wan Wiýk belläp geçdi.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Russiýa sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze konsepsiýasy kabul edildi

Gazagystanda ilkinji emeli aň uniwersiteti döredilip biler

“Nvidia” bazar bahasy $4,5 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary