Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň galla tabşyrmak baradaky ýyllyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi, gallaçy kärendeçileriň gazanan ýeňişleri mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy we hemmeleri oba hojalyk toplumynyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka bilen gutlady.
Dabara Hökümet agzalary, welaýatlaryň häkimleri we ýurdumyzyň her welaýatyndan çagalar gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň ekerançylarynyň galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi mynasybetli gutlag sözleri beýan edildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär, olaryň esasy maksady halkymyzyň abadan durmuşyny hem-de eziz Diýarymyzyň rowaçlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Oba hojalyk toplumynda gazanylan ajaýyp zähmet ýeňşiniň hormatyna geçirilen dabarada her welaýatyň ýaş wekilleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy edermen daýhanlaryň gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, bu waka mynasybetli eziz Diýarymyzyň ýeten derejesini, beýik zähmet ýeňişlerini we edermen daýhanlaryň yhlasly tagallalaryny wasp edýän joşgunly goşgularyny aýtdylar.
Oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmaga we toplumyň ähli düzümlerini köpugurly esasda ösdürmäge, daýhanlaryň zähmetini ykdysady taýdan höweslendirmegiň usullaryny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň hasabyna oba hojalyk pudagy tehniki taýdan enjamlaşdyrylýar, önümçilige öňdebaryjy agrotehnologiýalar we ylmy işläp taýýarlamalar ornaşdyrylýar.
Soňra dabara gatnaşan çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzyň ak ekin ussatlarynyň adyndan şatlykly wakanyň hormatyna ajaýyp halyny sowgat gowşurdy. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalygynyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegi we daýhanlaryň öndürijilikli zähmetiniň üpjün edilmegine gönükdirilen şertleriň döredilmegi mynasybetli çuňňur hoşallygyň nyşanyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşan çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.