MEDENIÝET

“Galkynyş” topary Kazanda çykyş eder

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň hökümet binasynda ýurduň Premýer-ministri Alekseý Pesişin bilen Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsullygynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, ykdysady, medeni, gumanitar we beýleki ugurlarda degişli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistanyň baş konsuly Tatarystan bilen häzirki zaman tehnologiýasy, ylym-bilim we medeniýet ugrundaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlary barada durup geçdi.

Şeýle hem Türkmenistanda we dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýan  «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Kazanyň sirkinde görkezme çykyşlaryny geçirmegi üçin görülýän taýýarlyk işleri barada pikir alşyldy. Şeýle hem Tatarystan tarapy Türkmenistanda şu ýylyň 28-30-njy noýabrynda geçiriljek halkara festiwala çagyrylmagy babatda gürrüň edildi.

Tatarystanyň Premýer-ministri hem öz gezeginde Tatarystanda alnyp barylýan taslamalara, şol sanda şäher meýilnamalaşdyrylyşynda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalaryna, respublikada döredilýän senagat we IT seýilgähleri barada gürrüň berdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy