Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlaryndan soňra düýn Russiýanyň, şu gün bolsa Türkiýäniň futbol çempionaty tamamlandy.
Türkiýäniň futbol çempionatynyň çempiony soňky tapgyrda belli boldy. 3 utuk aratapawut bilen soňky tapgyrda “Galatasaraý” topary myhmançylykda “Konýaspor” toparyny 3:1 hasabynda utup, bassyr 2-nji, umumylykda 24-nji çempionlygyny gazandy.
“Galatasaraý” topary milli çempionaty 102 utuk bilen jemläp, rekord goýdy. Şeýle hem çempion bolan toparyň düzümindäki argentin ýyldyz Maurio Ikardi 25 gol bilen çempionatda iň köp gol geçiren futbolçy boldy.
