SIZDEN GELENLER

Gadymy telefonyň lotereýasy

Ilkinji nesil «iPhone» telefon bazarynda 65 esse köp satyldy. Öýde ulanylmaýan köne telefonlar gadymy zatlar ýaly rekord bahalar bilen öz alyjylaryny tapýar.

«Apple» -iň ilkinji nesli diýip atlandyrýan ilkinji «iPhone» markaly telefon ýakynda auksiona çykaryldy. Bu telefon 2007-nji ýylda satuwa çykanda onuň bahasy 599 dollardy. Maksimum 30 müň dollara alyjy tapmagyna garaşylsa-da, 39 müň 339 dollara satylypdy. Bu asyl bahanyň 65 essesidir! Köne moda jübi telefonlary öň pikir edişimizden has gymmatly boldy.

Iň köp satylan retro telefon 1614 funt sterlinge satyn alnan «Nokia 6630» bolup, ilkinji 20-ligiň 17 modeliniň hemmesi «Nokia» degişlidir. «Motorola» we «Blackberry» modelleri oňa eýerýärler. Hünärmenler diňe 40 ýyl bäri ulanylýan jübi telefonlarynyň gysga wagtyň içinde «gadymy» gymmatlyklara eýe bolmagynyň geň galdyryjydygyny aýdýarlar.

Angliýada geçirilen gözleglere görä, öýlerde ulanylmaýan 527 million elektron haryt bar. Bu bir öý hojalygyna 20 enjam diýmekdir. Olaryň aglaba bölegi jübi telefonlarydyr. Beýleki tarapdan, elektroniki galyndylar gymmat bahaly metal hazynadyr. Şol köp galyndy 95 million tonna altyn, kümüş we palladimi aňladýar. Mundan başga-da, bu metallara tebigatda däl-de, galyndy enjamlarda köp duş gelinýär.

Gurban AGAMYRADOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri