TESWIRLER

Gadymda Galdyrylan “Gönüler” we “Gönülıkler” …

1-NJI NUSGA: “könilik”

Giriş ýerine: Gaty geň zat! Heý-de adamzat nesli özüne gerekli bolan “Gönüleri” we “Gönülikleri” gadymda galdyryp bilermi?

Mal-mülk, bütin baýlyk galdyrylyp bilner, ýöne “Gönüler” we “Gönülıkleriň” galdyrylmagy gaty geň ýaly…

… Bir seretseňem, gaty geň galmaklyga-da gerek ýok, adamzadyň bar ýerinde bolup bilmejek zat-da ýokdur…

Eýsem düýn (geçmiş manysynda) bolup, has dogrusy, ulanylyp, bu gün (häzirki wagt manysynda) galdyrylan, unudylan “Gönüler” we “Gönülıkler” nämekä?!

Aslynda munuň öz atlandyrylyşy, aýdylyşy, anyk pyşgyrsak, öz adalgalary bardyr. Olar gerek ýerinde at-da, sypat-da bolup bilýärler. Başgaça aýdanymyzda, bu häsiýetiň özboluşly sypaty hem-de özboluşly ady bardyr. Olaryň gadymy döwürlerdäki nusgalaryna ata-babalarymyz şeýle adalga beripdirler:

  • köni”,
  • könilik”.

Özüniň ýitirilişi ýaly, bu sözler dilde ulanylyşdan-da galypdyrlar. Tutuş türk dünýäsinde bu sözleriň nusgasy diňe häzirki zaman türkmen dilinde işjeň ulanylýar. Başgaça aýdylanda, “köni”, “könilik” (türkmen dilinde “göni / gönülik” diýlip ulanylýar) sözleri öňki döwürlerde ulanylan bolsalar-da, häzirki wagtda başga türki dillerde kän duş gelmeýär. Hakykatdan hem bu sözlere-de galdyrylypdyr, ýitirilipdir diýesiň gelýär. Bu galdyrylanlary içgin öwrenmek üçin ilki öz geçmişimizi öwrenmeli diýen netijä geldik. Başgaça aýdanymyzda, biz öz gürrüňimize bu sözleriň (köni, könilik) taryhyny, geçmişini öwrenmek bilen başlamaklygy amatly hasapladyk.

Derňew edýän esasy ylmy çeşmämiz milli mirasymyz bolan “Kutadgu Bilig” (Gut hakda bilim) eseridir. Ady agzalan eseri türkmen diline terjime edendigimiz üçin we bu babatdaky tejribämize esaslanyp, “KÖNİ” (göni) sözüni şu eseriň düýbüniň tutulmagynda iň esasy sözleriň biri diýip hasapladyk. Bu sözüň “-lik” goşulmasyny alan nusgasynyň (könilik / gönülik) hem bardygyny belli etmelidiris.

Başgaça aýdanymyzda, ady agzalan eseriň esasynda “KÖNI”, “KÖNILIK” sözleri ýatýar. Bu nähili beýle bolýarka?

Öňi bilen şuňa üns bereliň. Eserde “KÖNI”, “KÖNILIK” sözlerine jemi üç ýüz kyrka ýakyn ýerlerde duş gelmek bolýar. Mukdar taýdan az hem däldir. Ýöne bu ýerde esasy mesele şol sözleriň sany ýa-da mukdary däldir.

Esasy zat onuň aňladýan we bize berýän düşünjesidir. Başgaça aýdanymyzda, şeýle soraglara dogry jogap gözlemekdir: Näme üçin, näme maksat bilen ulanylypdyr? Nämäni aňladypdyr? Haýsy düşünjeleri sypatlandyrypdyr?

Ynha, biz şolary ýakyndan öwrenmekligi göz önünde tutýarys. Pikirimizi eseriň asyl nusgasy, türkçe we türkmençe terjimeleri bilen delillendirmekligi maksat edindik.

1-NJI NUSGA: Gönüligi (köniligi) Mahşere çalşyp, ene dilindäki iň esasy sypatymyzy gadymda galdyrdyk Geliň, nusgasyny hemmämiz bilelikde gözden geçireliň:

 

  • Birinji mysal (KB №30) :Könilik küni / Mahşer günü / Gönülik güni.
Sevüg savçı birle kopurğıl meni,

elig tuttaçı kıl könilik küni

Mahşer günü beni sevgili Peygamber

ile birlikte haşret, onu bana şefaatçi kıl.

Söwer sawçy birle gop galdyr meni,

Elimden tutdurgyl gönülik güni!

 

Asyl nusgada “könilik” (köni + lik = könilik) görnüşinde ulanylyp, “kün” sözüni sypatlandyryp gelipdir: “könilik küni“. Ynha, türkleriň (türkmenleriň) irki döwürde ene dilinde ulanan durnukly aňlatmasy. Bularyň ikisi-de türklere (türkmenlere) düşnükli sözlerdir. Häzirki wagtda  gürrüňi edilýän durnukly aňlatmanyň terjimesini soramak ýa-da onuň aňladýan manysyny bilmezlik köklerini gadymdan alyp gaýdýan türk dilinden uzaklaşmakdyr. Bu ýagdaý gaty gynandyryjy ýagdaýdyr. Üstesine-de, türkleriň (türkmenleriň) öz sözleriniň ýerine başga dillerinden sözler alnypdyr.

Başgaça aýdylanda, gürrüňi edilýän durnukly aňlatma (könilik küni) türk diline “Mahşer günü” görnüşinde alnypdyr.  Ine, şu ýerden-de, türkleriň ene dilinde ulanan gadymy sözleriniň arap sözleri bilen düşündirilýän döwri başlanýar.

Geliň, bu hakda bilelikde oýlanyp göreliň. Türkleriň hut özleriniň ulanan we olaryň hut özlerine, hut öz ynançlaryna degişli bolan iki sözünden (könilik küni) birini arapça (Mahşer) düşündirmek nämä gerek bolduka? Muňa ýokarda döwür diýdik, eýsem bu ýagdaýa döwür diýmek dogry bolarmy bilemok, ýöne türk diliniň döwürleýin dargadylýandygyna göz ýetirmek kyn däl. Başgaça aýdylanda, asly Türkçe (has dogrusy asly türkmençe diýmeli, sebäbi häzir hem ulanylýar) bolan “könilik” sözüniň ornuna arapça “mahşer” sözi alnypdyr. Meňzetme ýoly bilen aýtsak, türk diliniň başyna “kyýamat güni” getirilipdir.

Biz bu nusgany türkmen diline geçirenimizde “Magşar güni” däl, hut asyl nusgasynda bolşy ýaly “gönülik güni” görnüşinde aldyk, sebäbi aslyny gorap saklamaly diýen düşünjä eýerdik.

Ýokardaky iki setiri içgin derňew etmek maksady bilen şol setirlerdäki her bir sözi gözden geçirdik.

Asyl nusgadan jemi on sany Türkçe sözi hasaba aldyk: (sevüg1, savçı2, birle3, kopurğıl4, meni5, elig6, tuttacı7, kıl8, könilik9, küni10).

Muny häzirki zaman türk we türkmen dilleriniň nusgalary bilen deňeşdirdik.

Türkçe düşündirişine bolsa on iki sany söz alnypdyr: (Mahşer1, günü2, beni3, sevgili4, Peygamber5, ile6, birlikte7, haşret8, onu9, bana10, şefaatçi11, kıl12). Bu sözleriň üçden biri arapçadyr. Başgaça aýdylanda olaryň dört sanysy (“Mahşer1”, “Peygamber5”, “haşret8”, “şefaatçi11”) arapça sözlerdir.

Şeýlelikde, türk dilindäki terjimesiniň we şol terjimede ulanylan sözleriň derňewi netijesinde olaryň köpüsiniň arap sözleri bolandygyny gördük.

Asyl nusgadaky sözleriň hemmesi häzirki zaman türkmen diline tanyş sözlerdir: (söwer1, sawçy2, birle3, gop4, galdyr5 meni6, elimden7, tutdurgyl8, gönülik9, güni10).

Bu tanyş sözleri bolşy ýaly ulanmaklygy amatly hasapladyk we netijede-de sözleriň gadymdaky aslyny goramaga synanyşdyk. Şeýle hem şol on sany sözüň gadymy many güýjüniň biziň döwrümize çenli gelip ýetişini barlamaga mümkinçilik döretdik.

Asyl nusgadaky “Sevüg savçı birle” diýen durnukly aňlatma, türk diline “sevgili Peygamber ile” diýlip berlen bolsa, türkmen diline “söwer sawçy birle” görnüşinde aldyk.

Eserdäki “kopurgıl meni” (meni kopurgıl) diýen aňlatma bolsa türk diline “beni birlikte haşret” şekilinde alnypdyr. Bu aňlatmany biz türkmen diline “gop galdyr meni” (“gopdurgyl meni” diýip almak hem bolar-BS) görnüşinde aldyk. Häzirki wagtda-da “gopmak” işliginiň öz gadymylygyny goraýandygy, sözlüklerde-de öz ornuny alandygyny bellemelidiris.

Asyl nusgadaky “elig tuttaçı kıl” diýen durnukly aňlatma türk diline “onu bana şefaatçi kıl” diýlip alnan bolsa, türkmen dilinde “elimden tutdurgyl” diýen nusgada berdik.

Eserdäki “könilik küni” aňlatmanyň nusgasy türk dilinde “Mahşer günü”, türkmen diline-de bolşy ýaly edip “gönülik güni” şekilinde aldyk.

Könilik küni” (gönülik güni) häzirki wagtda türk dilinde “mahşer günü”, “kıyamet günü” hökmünde atlandyrylýar. Sözlüklerde şeýle düşündiriş berilýär: “mahşer günü is. Kıyamet” [Türkçe sözlük, 2, 1998:1488]; “kıyamet günü is. Dünyanın yok olacağı, ölülerin dirilip ayağa kalkacağı zaman” [Türkçe sözlük, 2, 1998:1313].

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi “magşar” sözüne şeýle düşündiriş berýär: “Magşar [mağşar], at. Kyýamat, ahyret” []TDDS,II, 2016:83].

Gadymy “könilik küni” (gönilik güni) diýen durnukly aňlatmanyň dini ynanç bilen baglanyşyklydygyna göz ýetrimek o diýen kyn däl. Ýöne asyl manysynyň nämedigini anyk bilmek-de aňsat däl.

Eýsem, “dünýäniň ýok boljak güni”, “ölüleriň direljek güni”, “öli-diri hemmeleriň bir ýere toplanjak güni” diýen düşünjeler türkleriň gadymy däp-dessurlaryna görä ulanan “könilik küni” diýen durnukly aňlatmanyň manysyna gabat gelýärmikä? Bu soraga anyk jogap bermek kyn.

Birinjiden, elimizde “könilik küni” diýen gadymy durnukly aňlatma berlen hiç hili düşündiriş ýok.

Ikinjiden, gadymy we taryhy sözlüklerde-de bu nusgada (könilik küni) sözlük makalasyna gabat gelinmeýär.

Üçünjiden, terjimeçileriň asly türkçe bolan sözleri arapça sözleriň kömegi bilen düşündirişlerine-de kabul etmegi dogry hasaplamaýarys.

Dördünjiden, “göni”, “gönülik” ýaly türkmen sözleriniň “kyýamat”, “magşar” görnüşinde sypatlandyryp düşündirilmegini-de asla oňlamaýarys.

Birinji ýitgi hakynda şahsy garaýşym: Aslynda “könilik küni” gadymy türkleriň saýlaw gününi ýatladýana meňzeýär. “Sawçy” tarapyndan “ýagşy” bilen “ýaman” adamlar biri-birinden aýyrt edilip, ýagşylaryň dogry saýlanyljak gününi ýadyňa salýar. “Ýagşy näme?”, “Ýaman näme?” diýen soraglar dünýädaki bütin halklaryň soraglarydyr. Şol sanda türkleriň hem soragydyr.

Türkleriň gadymy däp-dessurlaryna we ynançlaryna görä, “gönülik güni” dogry saýlaw üçin bir ýere ýygnanylan gündür: “Sawçy” şol gün ýagşy, gönümel, dogruçyl, adalatly kişileriň “elinden tutjakdyr”. Şeýlelikde, “könilik küni” gönümellik, dogruçyllyk, adyllyk günüdir. Şol gün egrelmäniň taşlanyp, dogralma, gönelmä gowuşylýan gündür. Şol gün asla ýalançylygyň güni däldir, çynçylygyň günüdir.

Ynha, ýitirilen gün şol gürrüňi edilýän gönülik günüdir, çynlyk günüdir, dogruçyllyk günüdir.

Elbetde, öz dünýägaraýşyny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan edip gelen, sözleýşini şygyr sungaty bilen sünnälän gadymy ata-babalarymyzyň “könilik küni” diýen durnukly aňlatmasyna dogry ýorgut bermek ýeňil iş däldir.

Netije: ata-babalarymyz tarapyndan ulanylan “könilik küni” diýlen gadymy durnukly aňlatmamyz gadymda galdyrylypdyr. Manysy unudylypdyr. Bu gün muňa degişli maglumatlar hiç bir sözlükde-de duş gelmeýär.

Şonuň üçin maglumatlary has anyklaşdyrmak, anyk we dogry netije almak üçin, geçmişimizi, gürrüňi edilýän döwri has-da içgin öwrenmekligimiz zerurdyr.

 

(dowamy bar)

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri