SPORT

Fýuri-Usik boks tutluşygy “Uembli” stadionynda geçiriler

Boks boýunça ozalky dünýä çempiony Taýson Fýuri ukrainaly boksçy Aleksandr Usik bilen 3-nji tutluşygyna çykjakdygyny habar berdi.

– 2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde “Uembli” stadionynda duşuşarys – diýip, ozalky çempion jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

Mundan ozal, Taýson Fýuri bilen Aleksandr Usik 2 gezek duşuşdy. Her ikisinde hem Usik ýeňiş gazandy.

38 ýaşyndaky ukrainaly boksçy Aleksandr Usik Bütindünýä boks assosiýasyýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) hem-de Bütindnüýä boks geňeşiniň (WBC) çemponlyk guşaklarynyň eýesidir.

19-njy iýulda ol, britan boksçy Daniel Dýuba bilen iň ýokary agyr agramda absolýut dünýä çempionlygy üçin boksa duşuşygyna çykar.

36 ýaşyndaky Taýson Fýuri professional karýerasynda 37 duşuşyk geçirdi we 34 gezek ýeňiş gazandy.

2024-nji ýylyň maýynda Fýuri Usik bilen WBC çempionlyk derejesi üçin duşuşyp, bu tutluşykda ýeňildi. Soňra bu boksçylar 2024-nji ýylyň 21-nji dekabrynda täzeden duşuşdylar we ýene-de ukrain boksçy ýeňiş gazandy.

Ýene-de okaň

“Liwerpully” futbolçy Diogo Jota aradan çykdy

Ýaş ispan hüjümçi “Monakoda” oýnar

“Al-Hilal” topary “Mançester Sitini” ýeňip, garaşylmadyk netije gazandy

Klopp üçin futbol taryhynyň iň gowy tälimçisi

Türkmenistanyň futbol zenanlar ýygyndysy Aziýa Kubogy-2026-nyň saýlama ýaryşyna gatnaşar

Pol Pogba “Monako” topary bilen şertnama baglaşdy