SPORT

Futbolda täze rekord

Braziliýanyň “Fluminense” toparynyň derwezeçisi Fabio Lopes professional futbolçylaryň arasynda iň köp duşuşyga gatnaşan futbolçy hökmünde rekord goýdy.

Fabio Kolumbiýanyň “América de Cali” toparyna garşy Günorta Amerikanyň kubogynyň 1/8 final duşuşygynyň ahyryna çenli toparynyň derwezesini gorady. “Fluminense” bu duşuşykda 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu oýun Fabionyň karýerasynda 1391-nji duşuşygy boldy. Şu görkezijisi boýunça braziliýaly öňki Angliýanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Piter Şiltondan (1390) öňe geçdi. Şilton 1966-njy ýyldan 1997-nji ýyla çenli professional derejede çykyş edipdi.

Fabio häzir 44 ýaşynda. Ol 1997-nji ýylda karýerasyna başlady. 2000-nji ýylda “Wasko da Gama” bilen, 2013-nji we 2014-nji ýyllarda bolsa “Kruzeiro” bilen Braziliýanyň üç gezek çempiony boldy.

“Fluminense” toparynda 2022-nji ýyldan bäri çykyş edýär. 2023-nji ýylda Günorta Amerikanyň futbolynyň esasy klub ýaryşy bolan “Libertadores Kubogynyň” ýeňijisi boldy. 2004-nji ýylda Braziliýanyň milli ýygyndysy bilen Amerika Kubogyny gazandy.

 

Ýene-de okaň

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri